

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçisiniň We MDHGI-Ň rektorynyň duşuşygy
Türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry we Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300-ýyllygyna bagyşlap, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasynyň hem-de Moskwa döwlet halkara gatnaşyklary institutynda (MDHGI) bilim alýan türkmen talyplarynyň jemgyýetçilik guramasy bilen bilelikde guralan we geçirlen Tegelek stol we sergi çäresiniň çäklerinde 2024-nji ýylyň 21 martynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçisi E.M.Aýdogdyýew bilen MDHGI-ň rektory A.W.Torkunowyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi.





















