HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

BMG-niň Baş Assambleýasy emeli aň hakyndaky ilkinji Kararnamany kabul etdi

Mart 23, 2024 | 15:10 |5313
BMG-niň Baş Assambleýasy «Durnukly ösüş üçin howpsuz, goralan we ygtybarly emeli aň ulgamlarynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak» atly emeli aň ulgamlaryna degişli ilkinji Kararnamany kabul etdi.BMG-niň Baş Assambleýasy «Durnukly ösüş üçin howpsuz, goralan we ygtybarly emeli aň ulgamlarynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak» atly emeli aň ulgamlaryna degişli ilkinji Kararnamany kabul etdi.
Çeşme: 3dnews.ru

BMG-niň Baş Assambleýasy «Durnukly ösüş üçin howpsuz, goralan we ygtybarly emeli aň ulgamlarynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak» atly emeli aň ulgamlaryna degişli ilkinji Kararnamany kabul etdi.

ABŞ tarapyndan öňe sürlen resminama emeli aň pudagynda parahatçylykly hyzmatdaşlygy üpjün etmäge gönükdirilendir. Ol ýurtlary sanly özgertmeler, şol sanda intellektual eýeçilik hukuklaryna hormat goýmak, şahsy maglumatlary goramak, emeli aň esasynda alnyp barylýan işleriň aýdyňlygyny, netijeleriniň öňünden görülmegini we ygtybarlylygyny üpjün etmek ugrunda işlemäge çagyrýar.

Resminamanyň awtordaşy hökmünde 120 döwlet çykyş etdi.

«Şu gün kabul edilen täzeçil Kararnama durnukly ösüşi üpjün edýän we esasy azatlyklara hormat goýýan howpsuz, ygtybarly, ynama mynasyp emeli aň ulgamlaryna degişli ählumumy ylalaşygy pugtalandyrýar» diýip, ABŞ-nyň BMG-däki hemişelik wekili Linda Tomas-Grinfild belledi.

Emeli aňyň meseleleri boýunça BMG-niň ilkinji mejlisi geçen ýylyň iýul aýynda geçirildi. BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş emeli aňy kadalaşdyrmak üçin dünýä standartlaryny düzjek edarany döretmek teklibini goldady.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

21:09 Oktýabr 26, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

20:26 Oktýabr 26, 2026
Ýewropada yssy howa sebäpli iň agyr tomus möwsümi hasaba alyndy

Ýewropada yssy howa sebäpli iň agyr tomus möwsümi hasaba alyndy

19:00 Oktýabr 26, 2026