HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Daşkent halkara marafonyna gatnaşmak üçin hasaba alyş dowam edýär

Mart 21, 2024 | 15:39 |5620
2024-nji ýylyň 21-nji aprelinde geçiriljek BYD Daşkent halkara marafonyna gatnaşmak üçin hasaba alyş işleri dowam edýär. Däp bolan ýazky ylgaw ýaryşyna Perfend.com onlaýn-platforma arkaly ýazylyp bilersiňiz.2024-nji ýylyň 21-nji aprelinde geçiriljek BYD Daşkent halkara marafonyna gatnaşmak üçin hasaba alyş işleri dowam edýär. Däp bolan ýazky ylgaw ýaryşyna Perfend.com onlaýn-platforma arkaly ýazylyp bilersiňiz.
Çeşme: uza.uz

2024-nji ýylyň 21-nji aprelinde geçiriljek BYD Daşkent halkara marafonyna gatnaşmak üçin hasaba alyş işleri dowam edýär. Däp bolan ýazky ylgaw ýaryşyna Perfend.com onlaýn-platforma arkaly ýazylyp bilersiňiz.

Şu ýyl marafon ussat türgenleriň we ylgaw höwesjeňleriniň gatnaşmaklarynda altynjy gezek geçiriler.

Oňa 32 ýurtdan 6 müňe golaý türgeniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Şu güne çenli 2 müňden gowrak adam, şol sanda Merkezi Aziýanyň öňdebaryjy klublarynyň agzalary haýyşnamalaryny iberdiler.

Çäräniň maksatnamasy 42 km nusgawy marafony, 21 km ýarym marafony, şeýle hem 3 we 10 km aralyklary öz içine alýar. 20-nji aprelde, esasy ýaryş başlamazdan ozal çagalar üçin «Kids Run» atly marafony, şeýle hem dürli ýaş toparlarynyň arasynda meşhur bolan demirgazyk ýörişi boýunça ýaryşlary guramak meýilleşdirilýär.

Şu ýyl gurnaýjylar Daşkent marafonynyň umumy baýrak gaznasyny 720 million suma çenli artdyrdylar. Mundan başga-da, ilkinji gezek esasy baýraklardan daşary, erkekleriň we zenanlaryň arasynda goýlan rekordlar üçin goşmaça bonuslar – marafon aralygy üçin 15 million sum, ýarym marafon üçin 10 million sum berler.

Ylgawlaryň aralyklary Özbegiýanyň paýtagtynyň merkezi köçelerinden geçer, bu bolsa gatnaşyjylara şäher bilen has içgin tanyşmaga mümkinçilik berer.

6-njy BYD Daşkent halkara marafonyna ýazylyşyk 5-nji aprelde tamamlanar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

20:05 Awgust 03, 2026
Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

14:20 Awgust 03, 2026
Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

14:04 Awgust 03, 2026