

Hytaýyň Ýewraziýa boýunça ýörite wekili Aşgabatda gepleşik geçirdi
Hytaý hökümetiniň Ýewraziýa meseleleri boýunça ýörite wekili Li Hueý sişenbe güni Aşgabatda wise-premýer, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen gepleşik geçirdi.


Hytaý hökümetiniň Ýewraziýa meseleleri boýunça ýörite wekili Li Hueý sişenbe güni Aşgabatda wise-premýer, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen gepleşik geçirdi.


Duşenbe güni, 5-nji sentaýbrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $16,9 million bolan 5 geleşik baglaşdy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


Türkiýä gitmek isleýän Türkmenistanyň raýatlary munuň üçin syýahatçylyk wizasyny resmileşdirip bilerler diýip, Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasynda ORIENT-e gürrüň berdiler.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni Türki döwletleriň guramasynyň baş sekretary Bagdat Amreýewi kabul etdi, söhbetdeşligiň dowamynda myhman özi tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän guramanyň Türkmenistan bilen öndürijilikli gepleşikleri ösdürmäge bolan gyzyklanmasyny tassyklady.


Her duşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedowyň däp boýunça geçirýän sanly ulgam arkaly iş maslahatynda obasenagat meseleleri boýunça wise-premýer Annageldi Ýazmyradow gözegçilik edýän pudagyndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.


Nur-Soltanda Türkmenistan bilen Gazagystanyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň arasynda gepleşikler geçirildi. Berdinyýaz Mätiýew we Ýermuhambet Konuspaýew ikitaraplaýyn gün tertibindäki möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar we ýurtlaryň syýasat, ykdysadyýet, söwda, diplomatiýa we medeni-gumanitar ugurlarda özara peýdaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyklaryny tassykladylar.


Anna güni, 2-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $2 million bolan 3 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilişi ýaly, “Türkmenistanyň raýatlarynyň Türkiýe Respublikasynda bolmaklary bilen bagly düzgünleri kämilleşdirmek we ulgamlaýyn esasda alyp barmak maksady bilen, türkmen tarapy Türkiýe Respublikasynyň döwletine Türkmenistanyň raýatlary üçin wagtlaýyn esasda dürli görnüşli wiza düzgüniniň girizilmegi barada ýüzlendi”.


Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi hödürlenilýän multimodal ulag hyzmatlaryny kämilleşdirmäge gönükdirilen birnäçe teklipleri taýýarlady.


7-nji sentýabrda Türkmenistanyň dört welaýatynda - Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda köpçülikleýin pagta ýygym möwsümi başlar. Ýurduň demirgazyk sebiti bolan Daşoguz welaýaty pagta ýygymyna, adatça bir hepde soň, 14-nji sentýabrda girişer.


Türkmenistanda “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” kanunyň rejelenen görnüşi güýje girdi we bu kanun ýaşlara harby gullugy geçmezden öň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine girmäge mümkinçilik berýär.


Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda bu ýerde ozal hereket edýän senagat toplumynyň ýanynda täze senagat zolagy dörediler. Bu ýerler hususy önümçilik kärhanalaryny ýerleşdirmek üçin geljegi uly meýdançadyr, özi-de şu etrabyň çäklerinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň şeýle taslamalary durmuşa geçirmekde üstünlikli tejribesi bar.


Penşenbe güni, 1-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $16,5 million we 15 million manat bolan 4 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna girmegi ýerli işewürlige güýçli täsir eder. Oňa, bir tarapdan, bäsdeşligiň artmagyna duçar bolmak garaşýar, beýleki tarapdan bolsa – telekeçilere önümeri we hyzmatlary daşary ýurt bazarlaryna eksport etmek üçin täze mümkinçilikler açylar.


Türkmenistanda Bilimler we talyp ýaşlar gününde häzirkizaman orta mekdepleriniň 7-si we 5 sany çagalar bagy dabaraly ýagdaýda açyldy.