HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň raýatlarynyň Türkiýä gitmegine wizany resmileşdirmek üçin gerekli resminamalaryň sanawy belli boldy

Sentýabr 06, 2022 | 21:45 |56461
Türkiýä gitmek isleýän Türkmenistanyň raýatlary munuň üçin syýahatçylyk wizasyny resmileşdirip bilerler diýip, Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasynda ORIENT-e gürrüň berdiler.Türkiýä gitmek isleýän Türkmenistanyň raýatlary munuň üçin syýahatçylyk wizasyny resmileşdirip bilerler diýip, Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasynda ORIENT-e gürrüň berdiler.
Çeşme:

Türkiýä gitmek isleýän Türkmenistanyň raýatlary munuň üçin uzak möhletleýin syýahatçylyk wizasyny resmileşdirip bilerler diýip, Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasynda ORIENT-e gürrüň berdiler.

Syýahatçylyk wizasyny resmileşdirmek üçin hökmany aşakdaky resminamalar zerurdyr:

– hereket ediş möhleti alty aýdan az bolmadyk pasport,
– wiza almak üçin kesgitlenen görnüşde doldurylan arza,
– daşary ýurda gitmek üçin ätiýaçlandyryş (Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynda resmileşdirilýär),
– içerki pasportuň (1,3,5,9 we 32-nji sahypalary) we daşary ýurt pasportunyň (suraty bolan baş sahypasy ) nusgalary,
– 5х6 ölçegli iki sany fotosurat,
– wiza almaga isleg bildirýäniň we/ýa-da çagyrýan adamyň girdejileriniň derejesi barada resminama (iş ýeriň boýunça almak gerek),
– uçar üçin öňünden kesgitlenilen petek,
– öňünden kesgitlenilen myhmanhana ýa-da Türkiýäniň raýatyndan çakylyk.

Gitmegiň maksadyna baglylykda, aşakdaky resminamalar hem gerek bolup biler:

– Türkiýä dolanyp barylýandygyny tassyklaýan güwänamalar (ýer bölegine resminamalar, işlemäge ygtyýarnama, aýlyk zähmet hakynyň hasaplanylandygy barada maglumat, bankdan göçürme we beýlekiler).
– eger gitmeklik syýahatçylyk kompaniýasynyň üsti bilen amala aşyrylýan bolsa – syýahatçylyk operatorynyň hatynyň asyl nusgasy, şonda saparyň wagty, baryljak ýerler we maksady görkezilmelidir,
– ata-enäniň razylygynyň kepillendiriş edarasy tarapyndan tassyklanan nusgasy we 18 ýaşdan kiçi bolan çaganyň dogluş hakynda şahadatnamasy (sapar wagtynda ata-enäniň ikisiniň-de ýa-da biriniň ýok bolan ýagdaýynda).

ORIENT-iň ozal habar berşi ýaly, respublikada bolmagyň düzgünlerini kämilleşdirmek we yzygiderli esasda alyp barmak maksady bilen, türkmen tarapy Türkmenistanyň raýatlary üçin wagtlaýyn wiza düzgünini girizmegi haýyş edip, Türkiýäniň ilçihanasyna ýüz tutdy.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň raýatlary Türkiýä çarter gatnawlar arkaly ugrap bilerler. Bu gatnaw Türkmenbaşy we Stambul şäherleriniň arasynda şu ýylyň sentýabr aýynyň ahyryna çenli her hepdäniň duşenbe we anna günleri amala aşyrylar.

ORIENT news
Foto: freepik.com

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

20:05 Awgust 03, 2026
Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

14:20 Awgust 03, 2026
Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

14:04 Awgust 03, 2026