HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda Türkmenistanyň BSG-na girmeginiň işewürlige ýetirjek täsiri ara alnyp maslahatlaşyldy

Sentýabr 03, 2022 | 06:12 |11261
Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna girmegi ýerli işewürlige güýçli täsir eder. Oňa, bir tarapdan, bäsdeşligiň artmagyna duçar bolmak garaşýar, beýleki tarapdan bolsa – telekeçilere önümeri we hyzmatlary daşary ýurt bazarlaryna eksport etmek üçin täze mümkinçilikler açylar.Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna girmegi ýerli işewürlige güýçli täsir eder. Oňa, bir tarapdan, bäsdeşligiň artmagyna duçar bolmak garaşýar, beýleki tarapdan bolsa – telekeçilere önümeri we hyzmatlary daşary ýurt bazarlaryna eksport etmek üçin täze mümkinçilikler açylar.
Çeşme:

Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna girmegi ýerli işewürlige güýçli täsir eder. Oňa, bir tarapdan, bäsdeşligiň artmagyna duçar bolmak garaşýar, beýleki tarapdan bolsa – telekeçilere önümeri we hyzmatlary daşary ýurt bazarlaryna eksport etmek üçin täze mümkinçilikler açylar.

Bu meseläniň çylşyrymly ýagdaýlaryny ara alyp maslahatlaşmaga Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy kömek etdi. Ol ýerli telekeçi zenanlaryň bildiren haýyşnamalaryna seslendi hem-de olar üçin Halkara söwda merkeziniň (HSM) – söwdany ösdürmek üçin BMG we BSG tarapyndan döredilen agentligiň wekili bilen maslahat beriş duşuşygyny gurady.

HSM-niň bazarlaryň ösüşi departamentiniň işgäri Darýa Kerman duşuşyga gatnaşyjylara BSG-na girmegiň guramanyň beýleki agzalarynyň bazarlara elýeterliliginiň howpsuzlygyny hem-de öňünden görüp bolmak ýagdaýyny ýokarlandyrjakdygyny we türkmen telekeçilerine öz önümlerini eksport etmegiň ep-esli ýeňilleşjekdigini gürrüň berdi.

BSG-niň geçiren barlaglaryna görä, islendik ýurt gurama gireninden 20 ýyl geçenden soň, onuň eksportunyň ösüş depgini ortaça 700% derejesine ýetýär. Şunuň bilen birlikde, daşary ýurt maýa goýumlarynyň dessine ýokarlanmagy hem bellige alynýar, çünki ýurduň BSG-niň düzgünlerini hem-de ýörelgelerini berjaý etmegi onuň ykdysadyýetiniň maýa goýum taýdan özüne çekijiligini artdyrýar.

В Ашхабаде обсудили последствия вступления Туркменистана в ВТО для бизнеса

Mysal üçin, Gazagystanyň BSG-na giren pursatyndan bäri geçen bäş ýylyň dowamynda ýurduň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlarynyň möçberi 50% ýokarlandy. Täze maýa goýumlarynyň köp bölegi hyzmatlar ulgamyna (30%) we senagata (18%) gönükdirildi. Agzalan döwürde ýurduň eksporty 26% artdy.

Bütindünýä söwda guramasynyň söwdada hakyky bäsdeşligiň bolmagy we kemsitmeleriň bolmazlygy üçin işewürligiň döwlet tarapyndan goldanylmagyny peýdalanmazlyk pikirini öňe ilerletmegi has köp meseleleri döredýär. Munuň özi importuň ornuny tutmagy öňe sürýän ýurtlaryň ykdysady strategiýasyna çapraz gelýänini görkezip biler. Şeýle ýurtlar köp, şolara, şol sanda Türkmenistan hem degişlidir.

HSM-niň hünärmeni Aşgabatda guralan maslahatda esasan eksporty hem-de importuň ornuny tutmagy öňe ilerletmäge gönükdirilip, döwlet tarapyndan berilýän kömek pullarynyň, hakykatdan-da, BSG-niň düzgünlerine laýyk gelmeýändigini belledi. Emma, ýurtlaryň öz hususy öndürijilerine beýleki usullar bilen pul kömegini berip bilmek mümkinçiligi saklanýar, mysal üçin, enjamlary täzelemek üçin maliýe taýdan kömek bermek bolar.

BSG-na girýän ýurduň milli ykdysady bähbitlerini guramanyň agzalary bilen gepleşiklere işjeň gatnaşmak arkaly goramak mümkindigi hem möhümdir. Mysal üçin, Gazagystana we Täjigistana BSG-na girmek işinde gyzyklanma bildiren taraplar bilen ylalaşyklary gazanyp, oba hojalygynyň döwlet tarapyndan goldanylmagynyň ýokary derejesini saklap galmak başartdy.

Eziz ÖWEZOW

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

16:00 Awgust 23, 2026
Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

14:00 Awgust 23, 2026
Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

12:00 Awgust 23, 2026