

Türkmenistanyň syýahatçylyk zolagynda ýörite wiza düzgünini girizmek meýilleşdirilýär
Türkmenistanda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda halkara kadalaryna laýyklykda ýörite wiza düzgünini girizmek meselesi öwreniler.


Türkmenistanda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda halkara kadalaryna laýyklykda ýörite wiza düzgünini girizmek meselesi öwreniler.


Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda “Elektronika Dünýäsi” öz müşderilerini we olaryň ýakynlaryny begendirmek üçin täze arzanladyş möwsümini yglan edýär. Täze ýyl mynasybetli dükanda başlanan arzanlaşyklar barada ORIENT şu ýerde habar beripdi.


Ýekşenbe güni 27-nji noýabrda, “Телекомпания “Игра-ТВ” JÇJ-iň ygtyýarnamasy bilen Aşgabatda “Näme? Nirede? Haçan?” sport bäsleşigi boýunça Türkmenistanyň XVIII çempionaty geçiriler - diýip, guramaçylar ORIENT-e habar berdiler.


Özara hukuk kömegi pudagyndaky hyzmatdaşlygy ýola goýmak meseleleri GDA agza ýurtlaryň adalat edaralarynyň wekilleriniň we konsullyk gulluklarynyň bilelikdäki duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada guramanyň ýerine ýetiriji komitetiniň saýty habar berýär.


Türkmenistanyň her bir ýaşaýjysynyň ýaşaýyş meýdany 2023-nji ýyldan başlap 23,4 inedördül metre çenli ýokarlandyrylar. Bu barada TDH agentligi Türkmen mejlisiniň ýokarky palatasynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halk Maslahatynyň Milli Geňeşiniň çarşenbe güni geçirilen ýygnagynda belläp geçendigini habar berýär.


Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň ýokarky palatasynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki wagtda dünýädäki ykdysady kynçylyklara garamazdan, Türkmenistanyň banklaryna, kärhanalaryna we maliýe ulgamyna goldaw bermek meselesiniň ileri tutulmalydygyny aýratyn belledi. Bu barada TDH döwlet habarlar agentligi Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Milli Geňeşiniň mejlisiniň jemleri boýunça habar berýär.


«Demirýollary» AGPJ we «Uzbekiston temir ýullari» paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçylary we hünärmenleri Daşkentde geçirilen duşuşykda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky ýük dolanyşygynyň ýokarlandyrmagyň we onuň yzygiderli üpjün edilmeginiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Özbegistanyň demir ýol edarasynyň resmi saýty habar berýär.


2022-nji ýylyň on aýynyň dowamynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 614,1 million amerikan dollaryndan geçdi. Bu barada Özbegistan Respublikasynyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan çap edilen hasabatda habar berilýär.


Prezident Serdar Berdimuhamedow hepdäniň penşenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary hem-de welaýatlaryň häkimleri bilen birlikde oba hojalygynyň esasy möwsümleýin kampaniýalarynda meýdan işleriniň gidişine baha berdi.


Penşenbe güni Aşgabadyň küşt-şaşka merkezinde çalt oýnalýan küşt boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň iki günji geçirildi? Guramaçylar oňa nähili baha berdiler?


Anna güni, 25-nji noýabrda Go Viral jemgyýetiniň Go Night atly nobatdaky duşuşygy BMG-niň Aşgabatdaky edara binasynda Türkmenistanda innowasiýa we sanly üýtgetmelere bagyşlanar.


Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa meseleleri merkezi suw sorujylaryny satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär. Bu barada gurama ORIENT portalyna habar berdi.


Azerbaýjanyň Alaýat deňiz portunda türkmen ýükleri üçin aýratyn bölüm bölünip berildi, bu barada Respublikanyň prezidenti Ilham Aliýew ADA uniwersitetinde geçirilen «Ortaky geçelgäniň ugrunda: Geosyýasat, howpsuzlyk we ykdysadyýet» atly maslahatynda eden çykyşynda belledi. Bu barada azertag.az agentligi habar berýär.


Çarşenbe güni Aşgabadyň küşt we şaşka merkezinde Rapid we blis boýunça Türkmenistanyň çempionaty badalga aldy. Global pandemiýa sebäpli ara düşen uzak arakesme halkara ýaryşlaryň, şonuň netijesinde bolsa döwlet derejesinde geçirilýän ýaryşlaryň tertibine öz düzedişlerini girizdi, şol sebäbli bu ýaryş köp garaşylan ajaýyp çärä öwrüldi. Aslynda, Rapid we blis boýunça resmi çempionatlar ozal hiç wagt Türkmenistanda geçirilmändi.


Türkmen ýük awtoulaglary pandemiýa sebäpli üçýyllyk arakesmeden soň, Sarahs-Sarahs serhet geçelgesinde Eýran bilen serhediň üstünden hereketi täzeden ýola goýdular. Bu hereket bolsa artýar, munuň özi iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň giňelýändigine şaýatlyk edýär.