«Go Viral» jemgyýetiniň Aşgabatdaky indiki duşuşygy sanly ulgama geçmeklige bagyşlanar


Anna güni, 25-nji noýabrda Go Viral jemgyýetiniň Go Night atly nobatdaky duşuşygy BMG-niň Aşgabatdaky edara binasynda Türkmenistanda innowasiýa we sanly üýtgetmelere bagyşlanar.
Duşuşygyň dowamynda ýerli hünärmenler öz tejribelerini we guramalarynyň sanlylaşdyrmak ugrundaky üstünliklerini paýlaşarlar.
Şunuň bilen baglylykda, BMGÖM-niň jemgyýetçilik hyzmatlaryny sanlylaşdyrmak boýunça maksatnamanyň dolandyryjysy Farhad Artykow Türkmenistanda sanlylaşdyrmak pudagynda gazanylan üstünlikler barada çykyş eder.
Duşuşygyň dowamynda «Bouygues Turkmen» kompaniýasynyň sanly meňzeşlikleri we interaktiw amaly programmalary ösdürmek boýunça hünärmen Dmitriý Kadyrow kompaniýada innowasion tehnologiýalaryny ornaşdyrmak işi barada gürrüň berer.
Şeýle hem çykyş edýänler ýakyn wagtda IT tehnologiýalary pudagynda haýsy täzelikleriň we çemeleşmeleriň garaşýandygy barada hem aýdyp bererler.
Bu çäre 25-nji noýabrda BMG-niň Aşgabatdaky edara binasynda geçiriler. Ol sagat 18:00-da başlaýar.
Go Night duşuşyklary Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunda ýylyň dowamynda geçirilýär we olar hünär derejesini ýokarlandyrmaga, şeýle hem aragatnaşyk gurmaga – Go Viral ulgamynyň agzalarynyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmeklige we berkitmeklige bagyşlanýar.
ORIENT news
Surat: digife.it








