

ÝTÖB türkmen telekeçileri üçin dolandyryş boýunça maslahat beriş okuwyny gurady
Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky Ýewropa Birleşiginiň maliýe taýdan goldaw bermegi bilen, maslahat bermek bilen meşgullanýan telekeçilere niýetlenen «Öz telekeçilik işiňizi ösdüriň» maksatnamasynyň çäklerinde dolandyryş boýunça maslahat beriş esaslaryna bagyşlanan türkmen telekeçileri üçin onlaýn-okuwyny gurady.




















