

Türkmenistanyň hökümeti guşçulygyň ösüşine itergi berer
Türkmenistanyň hökümeti guş etini we ýumurtgany öndürýän hususyýetçileri ýurtda iýmlik dänäni, mekgejöweni we soýany ösdürip ýetişdirmäge ýardam bermek arkaly goldar.


Türkmenistanyň hökümeti guş etini we ýumurtgany öndürýän hususyýetçileri ýurtda iýmlik dänäni, mekgejöweni we soýany ösdürip ýetişdirmäge ýardam bermek arkaly goldar.


Prezident Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatynyň häkimi Nazarmyrat Nazarmyradowa işde goýberen kemçilikleri we wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmändigi üçin berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtda düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.


Daşoguzda açyk asmanyň astynda Daşoguz welaýatynyň milli taryhy-medeni mirasynyň ýadygärlikleriniň halkara syýahatçylyk ulgamyndaky ornuna bagyşlanan maslahat geçirildi.


Türkmenistanda 3-nji iýunda bellenilýän Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişler guraldy.


Eýranyň we Azerbaýjanyň resmi adamlary özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler, şonuň çäklerinde tebigy gazyň Türkmenistan-Eýran-Azerbaýjan ugry boýunça çalşylyp ugradylyşyny iki esse artdyrmak ylalaşyldy diýip, IRNA habar berýär.


Türkmenistanyň ýol gözegçiligi gullugy ýurduň radioýaýlymlary arkaly pyýada geçelgeleriň öňünde saklanmagyň zerurdygyny sürüjilere ýatladýan habary ýaýratdy.


Anna güni Türkmenistanda köpçülikleýin bugdaý oragy başlandy. Ýygym möwsümi ýurduň bäş welaýatynyň üçüsinde – Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda badalga aldy.


2022-nji ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda umumy bahasy $195.2 millionlyk daşary söwda geleşiginiň 162-si baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


Tomsuň başlanmagy bilen Türkiýe Respublikasy COVID-19 koronawirus ýokanjynyň ýaýramagy bilen baglylykda, ýurda gelmek babatda kabul edilen hemme talaplary aýyrýar.


Eýranyň üsti bilen Türkmenistandan Azerbaýjana türkmen gazynyň 1,5 milliard kubmetri iberiler. Azerbaýjanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna görä, bu barada Eýranyň nebit ministri Jawad Owji Baku energetika maslahatynyň 1-nji gününde habar berdi.


Nýu-Deli şäherinde çap edilýän “Business Central Asia” halkara žurnaly nobatdaky ýörite sanyny türkmen-hindi diplomatik gatnaşyklarynyň 30 ýyllygyna bagyşlady.


02.06.2022 ý. senede Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasy Tähran şäherindäki Çitgar seýilgähinde Ilçihananyň işgärleriniň, olaryň maşgala agzalarynyň we ýerli raýatlaryň gatnaşmagynda köpçülikleýin welosiped ýörişini «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda gurady.


3-nji iýunda, Bütindünýä welosiped gününi Türkmenistan däp boýunça köpçülikleýin welosipedli ýörişler bilen belleýär. Aşgabatda köpmüň adamlyk bu çäre ýurduň ýolbaşçylarynyň, daşary ýurtly diplomatlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistanda işleýän wekilleriniň, türgenleriň hem-de talyplaryň gatnaşmagynda geçirilýär.


2022-nji ýylyň 2-nji iýunynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasynyň ýakyndan ýardam bermeginde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň we Gruziýanyň Adalat ministrliginiň Milli jemgyýetçilik sanawy agentliginiň wekilleriniň arasynda ýuridik şahslary elektron ulgamy arkaly bellige almak, şeýle hem “Bir penjire” ýörelgesi esasynda ýuridik şahslaryň ýeke-täk döwlet sanawyny ýöretmek we dolandyrmak ugry boýunça onlaýn duşuşyk geçirildi.


Çarşenbe güni, 1-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $45,6 million we 95,8 million manat bolan geleşikleriň 14-si baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.