HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen talyby "Meniň myhmanym bol" atly hytaý wideoserialynyň gahrymany boldy we mýao halkynyň obasyna baryp gördi

Dekabr 18, 2022 | 08:17 |13171
Hytaýyň Guýçžou welaýatynyň hemra teleýaýlymy "Meniň myhmanym bol" atly gysga wideoserialy ýaýlyma berdi. Filmiň baş gahrymany daşary ýurduň raýaty, ony syýahatçy hökmünde Guýçžou welaýatyna çagyrýarlar we hakyky durmuş ýagdaýynda surata düşürilýän filmde täze bir sebitde bolmakdan özünde galýan täsirler we duýgular bilen paýlaşmagy hödürleýärler.Hytaýyň Guýçžou welaýatynyň hemra teleýaýlymy "Meniň myhmanym bol" atly gysga wideoserialy ýaýlyma berdi. Filmiň baş gahrymany daşary ýurduň raýaty, ony syýahatçy hökmünde Guýçžou welaýatyna çagyrýarlar we hakyky durmuş ýagdaýynda surata düşürilýän filmde täze bir sebitde bolmakdan özünde galýan täsirler we duýgular bilen paýlaşmagy hödürleýärler.
Çeşme:

Hytaýyň Guýçžou welaýatynyň hemra teleýaýlymy "Meniň myhmanym bol" atly gysga wideoserialy ýaýlyma berdi. Filmiň baş gahrymany daşary ýurduň raýaty, ony syýahatçy hökmünde Guýçžou welaýatyna çagyrýarlar we hakyky durmuş ýagdaýynda surata düşürilýän filmde täze bir sebitde bolmakdan özünde galýan täsirler we duýgular bilen paýlaşmagy hödürleýärler.

01.jpg

Guýçžou Tehnologiýa Institutynyň türkmenistanly talyby Döwlet "Meniň myhmanym bol" atly serialyň bir bölümine gatnaşdy. Onuň syýahaty we ýerli medeniýet, däp-dessurlar bilen tanyşlygy Hytaýyň mýao halkynyň ýaşaýan Taýszýan günorta etrabynda bolup geçdi.

02.jpg

Türkmen ýigidi ol ýerde ýerli ilatyň meşhur senedini – mýao nagyş sungatyny özleşdirdi. Oňa bu gadymy sungaty obalaryň birinde ýaşaýan halk ussady öwretdi. Döwlet ýaşaýjylaryň milli tagamlarynyň birini – turşy balyk çorbasyny dadyp gördi, oba basketbolçylary bilen oýun oýnady we "gündogar diskosy" diýlip atlandyrylýan agaç deprekli gadymy tansy ýerine ýetirdi.

03.jpg

“Uzakdan gelen myhman hökmünde, men Taýszýan etrabynda düýpgöter üýtgeşik durmuşyň bardygyna göz ýetirdim we Guýçžou halklarynyň täsin medeniýeti meni haýran galdyrdy. Men Hytaýyň bu welaýatynyň beýleki ýerlerine baryp, ýerli däp-dessurlar bilen tanyşmaga, özüm üçin özboluşly gaýtalanmajak medeniýeti bolan täze ýerleri açmaga howlukýaryn" – Döwlet teletaslamada öz duýgulary bilen paýlaşýar.

04.jpg

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026