HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýaponiýa Merkezi Aziýadan has köp işçileri çekmek isleýär – Japan news

Dekabr 19, 2022 | 09:07 |8036
Ýaponiýanyň hökümeti “hünärli işçiler ýörite maksatnamasynyň” hasabyna Merkezi Aziýa ýurtlaryndan köpsanly daşary ýurtly işçileri çekmegi maksat edinýär, munuň özi daşary ýurtly raýatlara fiziki zähmet bilen baglanyşykly işleri ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Bu barada ýekşenbe güni Japan news ýazýar.Ýaponiýanyň hökümeti “hünärli işçiler ýörite maksatnamasynyň” hasabyna Merkezi Aziýa ýurtlaryndan köpsanly daşary ýurtly işçileri çekmegi maksat edinýär, munuň özi daşary ýurtly raýatlara fiziki zähmet bilen baglanyşykly işleri ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Bu barada ýekşenbe güni Japan news ýazýar.
Çeşme:

Ýaponiýanyň hökümeti “hünärli işçiler ýörite maksatnamasynyň” hasabyna Merkezi Aziýa ýurtlaryndan köpsanly daşary ýurtly işçileri çekmegi maksat edinýär, munuň özi daşary ýurtly raýatlara fiziki zähmet bilen baglanyşykly işleri ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Bu barada ýekşenbe güni Japan news ýazýar.

Daşary işler ministri Haýasi Ýosimasanyň bu syýasat barada 24-nji dekabrda Tokioda geçiriljek Ýaponiýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bäşisiniň daşary işler ministrleriniň duşuşygynda yglan etmegine garaşylýar diýip, neşir ýazýar.

Çeşmäniň maglumatlaryna görä, Haýasi Ýaponiýanyň “adamlara maýa goýmaga” we “ösüşiň hiline” ähmiýet bermek bilen, Merkezi Aziýanyň durnukly ösüşine ýardam berjekdigini beýan eder.

2019-njy ýylda Ýaponiýa adam serişdeleri babatda Özbegistan bilen hyzmatdaşlyk etmek hakynda ähtnama gol çekdi hem-de MA sebitiniň beýleki dört ýurdy bilen şeýle resminamalary baglaşmagyň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmagy meýilleşdirýär.

Şenbe güni duşuşygyň barşynda Haýasi, şeýle hem Ýaponiýanyň MA-nyň bäş ýurdunyň eksport bazarlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga ýardam bermäge hem-de uglerodsyzlandyrmak tehnologiýalaryny işläp taýýarlamakda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny yglan eder diýlip, Japan newsiň habarynda aýdylýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026