

22-nji fewralda Gazagystanyň Türkmenistan bilen serhedinde elektron nobaty giriziler
Fewralyň ahyryna çenli Gazagystanyň Türkmenistan we Özbegistan bilen döwlet serhetlerindäki geçiriş nokatlarynda elektron nobaty giriziler. Olaryň hatarynda – 22-nji fewraldan “Temir-baba” we 27-nji fewraldan – “Tažen” geçiriş nokatlary bar. Geçiriş nokatlaryň ikisi-de Mangistau oblastynda ýerleşýär. Birinjisi – Türkmenistan bilen, ikinjisi – Özbegistan bilen serhetdedir. Bu barada GR-niň Döwlet girdejiler komitetiniň metbugat-gullugyna salgylanyp, “Kazinform” habar berýär.



















