

GDA-nyň agza döwletleriniň XV Halkara ykdysady forumy martda Moskwada geçiriler
2023-nji ýylyň 17-nji martynda Moskwada GDA agza-döwletleriň «Integrasiýalaryň dialogy: GDA, EAES, ŞOS, BRIKS» XV halkara ykdysady forumy geçiriler.


2023-nji ýylyň 17-nji martynda Moskwada GDA agza-döwletleriň «Integrasiýalaryň dialogy: GDA, EAES, ŞOS, BRIKS» XV halkara ykdysady forumy geçiriler.


DIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty Aziýany Ýewropa bilen birikdirýän ulag-üstaşyr taslamalaryň mümkinçiliklerine, şeýle hem bu başlangyçlardaky Türkmenistanyň ornuna bagyşlanan ylmy-amaly maslahatynyň geçirilýän ýerine öwrüldi.


Türkmenistanyň halkara habarlar merkezinde (HHM) Russia Today halkara teleýaýlymynyň işgärleri bilen onlaýn-duşuşyk geçirildi. HHM-niň ýolbaşçylaryndan başga-da, türkmen tarapyndan gepleşiklere DIM-niň wekilleri gatnaşdylar, beýleki tarapdan bolsa Russia Today-iň halkara hyzmatdaşlygy gullugynyň uly prodýuseri Ýana Aleksandrowa, teleýaýlymyň halkara hyzmatdaşlygy müdirliginiň bölüminiň ýerine ýetiriji direktorynyň orunbasary Karina Melikýan, Ruptly wideoagentliginiň baş-prodýuseri Mariýa Antonenko we Ruptly-nyň sebitleýin teleradioýaýlymlar bilen işlemek boýunça prodýuseri Wartan Haçaturýan gatnaşdylar.


Geosyýasy ýagdaýlaryň üýtgeýän, logistik halkalaryň bölünýän we dünýä bazaryny energiýa serişdeleri bilen üpjün etmekde ählumumy sazlaşygyň ýitýän şertlerinde kömüriň eksportynyň düzüminiň gurluşyna gaýtadan seretmek meselelerine bagyşlanylan «Argus Coal 2023» maslahaty şu ýylyň 25-nji maýynda Stambulda geçiriler.


Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Batyr Rejepowyň “Habar” mediaholdinginiň müdiriýetiniň başlygy Berik Uali bilen duşuşygynyň dowamynda Türkmenistan bilen Gazagystanyň teleýaýlymlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösüşi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada agentligiň ýolbaşçysy öz Facebook resmi sahypasynda habar berdi.


Belarus Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň adyndan şanly sene – Belarus Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň.


Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bruneý-Darussalam Döwletiniň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Bruneý-Darussalam Döwletiniň Soltany Hajy Hassanal Bolkiaha tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.


Ozal habar berlişi ýaly, Bahreýn Patyşalygyna resmi saparyň çäklerinde döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa Bahreýn Patyşalygynyň ýokary döwlet sylagy--Şeýh Isa bin Salman Al-Halifa adyndaky birinji derejeli ordeni gowşuryldy.


Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezi bolan täze Arkadag şäherinde senagat zolagynyň döredilmegi şäher ösüşiniň ikinji tapgyrynyň meýilnamasyna girizildi. Eýýäm şu wagtdan türkmen telekeçileri geljekki senagat zolagynda ýer satyn almak üçin Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine ýüz tutup bilerler - diýip, TSTB habar berýär.


Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň 5-nji konsultatiw duşuşygy 14-16-njy sentýabr aralygynda Duşanbe şäherinde geçiriler. Şol günler Täjigistanyň paýtagtynda Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçiriler – diýip, Täjigistan Respublikasynyň Energetika we suw baýlyklary ministrligi habar berýär.


2023-nji ýylyň 20-nji martyndan “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň uçuşlarynyň geriminiň ýene-de iki şäherler – London we Pekin bilen üsti ýetirilýär. Ozal, pandemiýa çenli döwürde, türkmen “laçyny” şu ugurlar boýunça ençeme ýyllaryň dowamynda uçdy. 23-nji fewraldan bu ugurlar boýunça petekler satuwa gelip gowuşdy diýlip, Aşgabadyň halkara howa menziliniň sorag-jogap gullugynda habar berildi.


Stambulyň häkimligi ýykylmagyň iň ýokary töwekgelçiligine eýe bolan binalary aýyrmaga başlady – diýip, şäheriň baştutany Ekrem Imamogluna salgylanyp, RIA Nowosti habar berýär.


Duşenbe gününden çarşenbä çenli, 20-22-nji fewral aralygynda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $38,1 mln amerikan dollaryna deň bolan 10 geleşik baglaşyldy- diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


Hytaýyň Iu şäheri daşary ýurt hyzmatdaşlary bilen ýuanda özara hasaplaşyklar üçin Yiwu Pay hususy bütindünýä töleg platformasyny açdy – diýip, China daily habar berýär.


Telewideniýe, radiogepleşikler we kinomatografiýa baradaky döwlet komitetiniň düzüminde döredilen Türkmenistanyň Halkara maglumat merkezi (HMM) Al Jazeera öňdebaryjy arap teleýaýlymy bilen özara hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerine garaýar.