HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

“Türkmenistan” awiakompaniýasy 20-nji martdan Londona we Pekine gatnawlary täzeden dikeldýär

Fewral 23, 2023 | 17:58 |9040
2023-nji ýylyň 20-nji martyndan “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň uçuşlarynyň geriminiň ýene-de iki şäherler – London we Pekin bilen üsti ýetirilýär. Ozal, pandemiýa çenli döwürde, türkmen “laçyny” şu ugurlar boýunça ençeme ýyllaryň dowamynda uçdy. 23-nji fewraldan bu ugurlar boýunça petekler satuwa gelip gowuşdy diýlip, Aşgabadyň halkara howa menziliniň sorag-jogap gullugynda habar berildi.2023-nji ýylyň 20-nji martyndan “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň uçuşlarynyň geriminiň ýene-de iki şäherler – London we Pekin bilen üsti ýetirilýär. Ozal, pandemiýa çenli döwürde, türkmen “laçyny” şu ugurlar boýunça ençeme ýyllaryň dowamynda uçdy. 23-nji fewraldan bu ugurlar boýunça petekler satuwa gelip gowuşdy diýlip, Aşgabadyň halkara howa menziliniň sorag-jogap gullugynda habar berildi.
Çeşme: HDpic.club

2023-nji ýylyň 20-nji martyndan “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň uçuşlarynyň geriminiň ýene-de iki şäherler – London we Pekin bilen üsti ýetirilýär. Ozal, pandemiýa çenli döwürde, türkmen “laçyny” şu ugurlar boýunça ençeme ýyllaryň dowamynda uçdy. 23-nji fewraldan bu ugurlar boýunça petekler satuwa gelip gowuşdy diýlip, Aşgabadyň halkara howa menziliniň sorag-jogap gullugynda habar berildi.

Aşgabatdan (ASB) Pekine (PEK) gatnawlar häzirlikçe hepdede iki gezek ýerine ýetiriler – ilkinji uçuş 24-nji marta meýilleşdirildi. Londona Stansted (STN) howa menziline uçarlar hepdede bir gezek – iň ýakyn wagtdakysy 20-nji martda uçup başlar. Ozal, türkmen awiakompaniýastynyň uçarlarynyň Londonyň Hitrou howa menziline gonandyklaryna üns çekmek gerek. Indi türkmen uçarlary London Stansted Airport-na gonarlar.

Ýurduň rezidentleri üçin Aşgabatdan Pekine ekonom derejä degişli petegiň bahasy 9 275 TMT, biznes dereje – 11375 TMT, yzyna gaýtmak üçin 553 USD we biznes dereje üçin 853 USD deňdir. Daşary ýurtly raýatlar üçin Aşgabat-Pekin ugrunda ekonom derejä degişli petegiň bahasy 600 USD we biznes derejeli petek 850 USD deň bolar. Yzyna gaýtmak üçin 603 USD we biznes dereje 853 USD deňdir.

Ýurduň rezidentleri üçin Aşgabat-London ugry boýunça ekonom derejä degişli petegiň bahasy 8 925 TMT, biznes dereje – 10 675 TMT, yzyna gaýtmak üçin 615 USD we biznes dereje üçin 1490 USD deňdir. Daşary ýurtly raýatlar üçin Aşgabatdan Londona ekonom derejä degişli petegiň bahasy 600 USD we biznes derejeli petek 1250 USD deň bolar. London-Aşgabat ugry boýunça 715 USD we biznes dereje 1490 USD deňdir.

Has giňişleýin maglumatlary “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň edaralarynda ýa-da Halkara howa menziliniň sorag-jogap gullugynda alyp bolar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026