HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi “Habar” agentliginiň müdiriýetiniň başlygy bilen duşuşdy

Fewral 23, 2023 | 23:44 |7453
Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Batyr Rejepowyň “Habar” mediaholdinginiň  müdiriýetiniň başlygy Berik Uali bilen duşuşygynyň dowamynda Türkmenistan bilen Gazagystanyň teleýaýlymlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösüşi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada agentligiň ýolbaşçysy öz  Facebook resmi sahypasynda habar berdi.Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Batyr Rejepowyň “Habar” mediaholdinginiň  müdiriýetiniň başlygy Berik Uali bilen duşuşygynyň dowamynda Türkmenistan bilen Gazagystanyň teleýaýlymlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösüşi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada agentligiň ýolbaşçysy öz  Facebook resmi sahypasynda habar berdi.
Çeşme: tengrinews

Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Batyr Rejepowyň “Habar” mediaholdinginiň müdiriýetiniň başlygy Berik Uali bilen duşuşygynyň dowamynda Türkmenistan bilen Gazagystanyň teleýaýlymlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösüşi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada agentligiň ýolbaşçysy öz Facebook resmi sahypasynda habar berdi.

Taraplar köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine garadylar. Berik Uali türkmen diplomatyna Gazagystanda iň uly metbugat holdinginiň döredilmegi we işi barada gürrüň berdi, şeýle-de onuň ýakyn geljek üçin meýilnamalary bilen paýlaşdy. Berik Uali Batyr Rejepowyň Türkmenistanyň çäginde “Habar” agentliginiň žurnalistini akkreditasiýa etmek baradaky teklibine garamaga taýýardygyny mälim etdi.

”Habar” agentligi” Paýdarlar jemgyýeti gazak, rus we iňlis dillerinde gepleşikleri taýýarlaýan teleýaýlymlar maşgalasy bolmak bilen, onuň düzümine “Habar”, “Habar 24” gije-gündiz habarlar kanaly, “Kazakh TV” hemra teleýaýlymy we “EL ARNA” film teleýaýlymy girýär. Mediýaholding 1995-nji ýylda döredildi. Onuň ýeke-täk paýdary Gazagystan Respublikasynyň Maglumat we sosial ösüş ministrligi tarapyndan wekilçilik edilýän döwlet bolup durýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

16:05 Oktýabr 17, 2026
Yrak ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky konflikt sebäpli ýitgilerini 60 milliard dollara golaý diýip bahalandyrdy

Yrak ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky konflikt sebäpli ýitgilerini 60 milliard dollara golaý diýip bahalandyrdy

16:00 Oktýabr 17, 2026
Zelenskiý 2027-nji ýyl üçin Ýewropa Bileleşiginden ýene 70 milliard ýewro kömek sorady

Zelenskiý 2027-nji ýyl üçin Ýewropa Bileleşiginden ýene 70 milliard ýewro kömek sorady

15:00 Oktýabr 17, 2026