HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

BelTA «Arkalaşygyň Oýunlary» taslamasyna badalga berýär

Maý 06, 2023 | 12:42 |10900
Belarusyň iri maglumatlar agentligi BelTA Maglumatlar ministrligi bilen bilelikde «Arkalaşygyň Oýunlary» atly täze taslama badalga berýär.Belarusyň iri maglumatlar agentligi BelTA Maglumatlar ministrligi bilen bilelikde «Arkalaşygyň Oýunlary» atly täze taslama badalga berýär.
Çeşme: belta.by

Belarusyň iri maglumatlar agentligi BelTA Maglumatlar ministrligi bilen bilelikde «Arkalaşygyň Oýunlary» atly täze taslama badalga berýär.

Bu Belarusda GDA ýurtlarynyň II Oýunlaryna taýýarlyk görmek we ony geçirmek bilen baglanyşykly gyzykly kontenti bolan elektron platformadyr.

Awgustdaky ýaryşlara birnäçe aý galanda «Arkalaşygyň Oýunlary» taslamasyna badalga berilmegi ähli ugurlar boýunça — ýaryşlaryň geçjek ýerlerini abatlamakdan başlap türgenleri taýýarlamaga çenli ýaryşlara taýýarlygyň nä derejede gidýändigini doly gürrüň bermäge mümkinçilk döreder.

«Sport we onuň bilen baglanyşykly ähli zatlar — bu mydama gyzykly. Biz bu taslamada diňe bir gollar, oçkolar we sekuntlar barada gürrüň bermän, eýsem biziň sport üstünliklerimiziň arkasynda kimiň durandygy barada hem gürrüň bermek isleýäris. Biz türgenler, tälimçiler, sport arenalarynyň ynamly işlemegini üpjün edýänler hakynda gürrüň bereris» - diýip, agentligiň sport maglumaty bölüminiň ýörite habarçysy Igor Hadasewiç belledi.

Taslamany ýerine ýetirmekde žurnalistikanyň ähli ugurlaryny ulanyp, awtorlar ýurduň ähli sebitlerinde sport infrastrukturasynyň we sport edaralarynyň maddy-tehniki binýadynyň ösmeginiň möhümdigi barada ýönekeý we gyzykly görnüşde gürrüň bererler.

«Arkalaşygyň oýunlary» — multimedia önümidir, onda maglumaty bermegiň mümkin bolan ähli formaty: şekilli görnüş, surat, tekst integrirlenendir. Agentligiň ajaýyp arhiw suratlary arkaly taslamada sport infrastrukturasynyň we her sebitde sportuň bir gönüşiniň ösüş retrospektiwasy beýan ediler. Mundan başga-da, biz eýýäm sebitlere çykýarys, Oýunlaryň geçjek ýerlerindäki desgalar barada gyzykly reportažlary düşüreris — diýip, multimedia taslamalarynyň redaksiýasynyň baş redaktory Anastasiýa Sawiskaýa paýlaşdy.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy täze tehnologiýalary ornaşdyrýar we halkara dialogyny giňeldýär

Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy täze tehnologiýalary ornaşdyrýar we halkara dialogyny giňeldýär

00:01 Iýun 23, 2026
«Türkmentelekom» işewürlik üçin «Call-center» hyzmatyny hödürleýär

«Türkmentelekom» işewürlik üçin «Call-center» hyzmatyny hödürleýär

23:15 Iýun 22, 2026
Puşkin adyndaky teatr Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde premýera hödürlär

Puşkin adyndaky teatr Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde premýera hödürlär

22:30 Iýun 22, 2026