

Magtymgulynyň döredijiligi Gruziýada şygryýetiň muşdaklaryny birleşdirdi
Beýik türkmen şahyrynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan "Magtymguly Pyragy - türkmen halkynyň kalby" atly halkara maslahat Tbiliside Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasynyň, Korneli Kekelidze adyndaky Milli golýazmalar merkeziniň alymlaryny we dilçilerini, ÝOM-niň mugallymlaryny, şeýle hem Gruziýada akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň wekillerini birleşdirdi. Türkmen tarapyndan foruma Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Milli dil, edebiýat we golýazmalar institutynyň bilermenleri we hünärmenleri gatnaşdylar.





















