HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇB-daky söwdalaşyklar: awtoulag benzini, STG, polipropilen we uçar kerosini eksport edildi

Maý 17, 2023 | 17:01 |6159
Sişenbe güni, 16-njy maýda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $6,3 mln amerikan dollaryna deň bolan 11 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.Sişenbe güni, 16-njy maýda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $6,3 mln amerikan dollaryna deň bolan 11 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Çeşme: redaksiýanyň arhiwinden

Sişenbe güni, 16-njy maýda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $6,3 mln amerikan dollaryna deň bolan 11 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

BAE-den gelen işewür A-92 kysymly awtoulag benzininiň 2 müň tonnasyny satyn aldy, şunda ol önümiň her tonnasyna $667,50 amerikan dollaryny teklip etdi. Geleşigiň jemi bahasy $1,3 mln amerikan dollaryndan geçdi.

Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri suwuklandyrylan gazyň 5 müň tonnasyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar, önümiň her tonnasyna $369 amerikan dollaryny hödürlediler. Geleşikleriň jemi bahasy $1,8 mln amerikan dollaryndan geçdi.

Gazagystandan gelen telekeçi TPP D 30 S kysymly polipropileniň 500 tonnasyny $500 müň amerikan dollaryna satyn aldy (önümiň her tonansyna $1 000 hödürledi).

BAE-den we Owganystandan gelen işewürler ТС-1 kysymly uçar kerosininiň 3,5 müň tonnasyny satyn aldylar. Önümiň her tonnasyna $656 amerikan dollary baha berildi, geleşikleriň jemi bahasy bolsa $2,2 mln amerikan dollaryndan geçdi.

Gyrgyzystandan gelen telekeçiler söwdalaşyklarda flaneliň 1,1 mln inedördül metrini $310,5 müň amerikan dollaryna we nüh ýüplüginiň 42,1 müň kg-ny $95,5 müň amerikan dollaryna satyn aldylar.

Söwdalaşyklara goýlan harytlar barada maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt we çig mal biržasynyň resmi web saýty arkaly şu ýerden tanşyp bilersiňiz.

Oba hojalygy, senagat we aragatnaşyk bölümlerinde, şeýle hem söwda toplumynda söwdalaşyk duşenbe-anna günleri 16:00-da, şenbe güni sagat 11:30-da başlanýar. Nebit we gaz pudagynda birža söwdasy duşenbe-anna günleri 16:30-da, şenbe güni 12:00-da başlanýar.

Şol bir wagtyň özünde, tmex.gov.tm web sahypasynda, birža harytlaryny gönümel öndürijilerden satmak teklipleri bilen funksional platformanyň üsti bilen habarlaşyp bilersiňiz. Şeýle hem birža harytlarynyň satuwy barada bildirişleri hem çap edip bolýar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

23:40 Iýun 24, 2026
«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

23:36 Iýun 24, 2026
Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

23:32 Iýun 24, 2026