HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Russiýa Federasiýasynyň täze ilçisi Iwan Wolynkin Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine şahsyýetnamalarynyň nusgalaryny gowşurdy

Maý 17, 2023 | 20:13 |10020
Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky täze ilçisi Iwan Wolynkin çarşenbe
güni Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Wepa Hajyýewe
şahsyýetnamasynyň nusgalaryny gowşurdy.Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky täze ilçisi Iwan Wolynkin çarşenbe
güni Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Wepa Hajyýewe
şahsyýetnamasynyň nusgalaryny gowşurdy.
Çeşme: mfa.gov.tm

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky täze ilçisi Iwan Wolynkin çarşenbe güni Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Wepa Hajyýewe şahsyýetnamasynyň nusgalaryny gowşurdy.

Hajyýew ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlady we täze wezipesinde alyp barýan işlerinde goldaw we ýardam bermäge taýýardygyny beýan etdi.

Diplomatlar türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň häzirki gün tertibini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň Prezidentiniň uly ikitaraplaýyn resminamalara, şol sanda strategiki hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak baradaky Jarnama gol çekilen, 2022-nji ýylyň 10-njy iýunynda Russiýa eden ilkinji resmi saparynyň ähmiýeti nygtaldy.

Türkmenistan bilen Russiýanyň halkara arenasynda, ilkinji nobatda BMG, GDA, şeýle hem «Merkezi Aziýa - Russiýa» formatynyň çäginde öndürijilikli gatnaşygy bellendi diýip, ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň habarynda aýdylýar.

Diplomatlar ikitaraplaýyn söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösýändigini we bu meselede hökümetara toparynyň möhüm ornuny bellediler.

Işjeň gatnaşyklaryň aýratyn ugry hökmünde Russiýanyň sebitleri – Tatarstan Respublikasy, Sankt-Peterburg, Astrahan we Çelýabinsk sebitleri we beýlekiler bilen hyzmatdaşlygy bellenildi.

Taraplar bilim, ylym we medeniýet pudagynda hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belläp, medeni we ynsanperwer gatnaşyklara hem ünsi çekdiler.

Iwan Wolynkin 1981-nji ýyldan bäri Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň ulgamynda zähmet çekip, ministrligiň merkezi apparatynda we daşary ýurtlarda (Ýugoslawiýa, ABŞ, Serbiýa, Gruziýa, Makedoniýa, Ermenistan) dürli wezipelerde işledi.

2023-nji ýylyň 6-njy aprelinde Wladimir Putin ony Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi edip belledi. Wolynkin, Aleksandr Blohiniň ýerine bellendi.

Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçiniň diplomatik derejesine eýe. Serb we Iňlis dillerini bilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

16:00 Awgust 23, 2026
Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

14:00 Awgust 23, 2026
Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

12:00 Awgust 23, 2026