HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Magtymgulynyň döredijiligi Gruziýada şygryýetiň muşdaklaryny birleşdirdi

Maý 17, 2023 | 20:16 |9060
Beýik türkmen şahyrynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan "Magtymguly Pyragy -
türkmen halkynyň kalby" atly halkara maslahat Tbiliside Gruziýanyň Milli ylymlar
akademiýasynyň, Korneli Kekelidze adyndaky Milli golýazmalar merkeziniň
alymlaryny we dilçilerini, ÝOM-niň mugallymlaryny, şeýle hem Gruziýada
akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň
wekillerini birleşdirdi. Türkmen tarapyndan foruma Türkmenistanyň Ylymlar
akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Milli dil, edebiýat we golýazmalar institutynyň
bilermenleri we hünärmenleri gatnaşdylar.Beýik türkmen şahyrynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan "Magtymguly Pyragy -
türkmen halkynyň kalby" atly halkara maslahat Tbiliside Gruziýanyň Milli ylymlar
akademiýasynyň, Korneli Kekelidze adyndaky Milli golýazmalar merkeziniň
alymlaryny we dilçilerini, ÝOM-niň mugallymlaryny, şeýle hem Gruziýada
akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň
wekillerini birleşdirdi. Türkmen tarapyndan foruma Türkmenistanyň Ylymlar
akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Milli dil, edebiýat we golýazmalar institutynyň
bilermenleri we hünärmenleri gatnaşdylar.
Çeşme: Türkmenistanyň DIM

Beýik türkmen şahyrynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan "Magtymguly Pyragy - türkmen halkynyň kalby" atly halkara maslahat Tbiliside Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasynyň, Korneli Kekelidze adyndaky Milli golýazmalar merkeziniň alymlaryny we dilçilerini, ÝOM-niň mugallymlaryny, şeýle hem Gruziýada akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň wekillerini birleşdirdi. Türkmen tarapyndan foruma Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Milli dil, edebiýat we golýazmalar institutynyň bilermenleri we hünärmenleri gatnaşdylar.

Çarşenbe güni geçirilen döredijilik duşuşygy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň saýtynda ýerleşdirilen habara görä, Türkmenistanyň Milli ylymlar akademiýasy bilen bilelikde ýurdumyzyň Gruziýadaky ilçihanasy tarapyndan gurnaldy.

Maslahatda çykyş edenler beýik gumanist şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň diňe bir edebiýatyň ösüşine däl, eýsem Gündogar halklarynyň ruhy durmuşyna-da möhüm täsir edendigini bellediler. Onuň eserleri dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolup, dünýäniň köp halklarynyň dillerine terjime edildi. Häzirki geçirilen çäre Gruziýada beýik türkmen şahyrynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge gönükdirilendir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026