Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin 20-nji maýda Pekindäki Halk maslahatlary köşgünde russiýa-hytaý gepleşikleriniň jemleri boýunça metbugat maslahatyny geçirdiler.
Bu çäräniň dowamynda hytaý lideri şu ýyl hytaý-russiýa hyzmatdaşlygy we özara gatnaşyklarynyň ösüp başlamagyna 30 ýyl dolýandygyny belledi. Şol 30 ýylyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar dürli synaglardan geçip, zaman bilen aýakdaş gitdi we kämilleşdi. Netijede, bu gatnaşyklar täze döwürde hyzmatdaşlygyň taryhy derejesine ýetip, uly döwletleriň arasyndaky gatnaşyklaryň täze görnüşiniň nusgasyna öwrüldi.
Şu ýyl şeýle hem Hytaý bilen Russiýanyň arasynda hoşniýetli goşunçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk baradaky Ylalaşyga gol çekilmeginiň 25 ýyllygy bellenilip geçilýär.
Başlyk Si Szinpiniň belleýşi ýaly, köp ýyllaryň dowamynda taraplar ylalaşygyň düzgünlerine laýyklykda, bileleşmelere goşulmazlyk, gapma-garşylyga girmezlik we üçünji taraplara garşy gönükdirilmezlik ýörelgelerine yzygiderli eýermäge durnukly ygrarly boldular. Şeýle hem garaşsyzlygy saklamak, özara bähbitli dolandyryş, berlen wadalara wepalylyk, adalatlylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri arkaly halkara adalatlylygyny gorap saklamaga hem-de halkara gatnaşyklarynyň täze görnüşini gurmaga uly goşant goşdular.
Si Szinpin olaryň bilelikdäki strategik ýolbaşçylygy astynda hytaý-russiýa gatnaşyklarynyň täze derejä çykandygyny belledi. Ol ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň has ýokary hilli ösmegini gazanmak üçin taraplary döwrüň meýillerine — parahatçylyga, ösüşe we özara bähbitli hyzmatdaşlyga eýermäge çagyrdy.
Mundan başga-da, ol özara ynamy berkitmek, peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmek we iki ýurduň halklarynyň ruhy taýdan ýakynlaşmagy, şeýle hem halkara derejesindäki özara gatnaşyklaryň hilini ýokarlandyrmak ugrunda bilelikde tagalla etmäge çagyrýar.
Wladimir Putin, öz gezeginde, ýakymly we dostlukly ýagdaýda Si Szinpin bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giň gerimli möhüm meseleleri boýunça çuňňur pikir alyşandygyny, munuň bolsa geljekki hyzmatdaşlygyň ugruny kesgitländigini aýtdy.
Russiýa ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegine doly ynanýar we hyzmatdaşlygy hem-de hoşniýetli goňşuçylygy çuňlaşdyrmak, milli ösüşde we halklaryň bähbidine hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda Hytaý bilen işleşer. Russiýa we Hytaý halkara giňişlikde ýakyn strategik utgaşdyrmany goldarlar, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň maksatlaryny we ýörelgelerini bilelikde gorarlar hem-de ählumumy howpsuzlygy we durnuklylygy bilelikde öňe sürerler diýip, rus lideri belledi.