Londonda geçirilen Bütindünýä bilim forumynyň (EWF 2026) çäklerinde Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew ýörite sessiýada esasy çykyş edenleriň biri boldy. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.
Türkmenistanyň wekiliýeti halkara jemgyýetçiligine ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdepleri üçin taýýarlanan sanly infrastrukturasyny tanyşdyrdy. Bu ulgam daşary ýurtly bilermenlerde uly gyzyklanma döredip, ýokary baha mynasyp boldy.
Türkmen tarapy sanlylaşdyrmagyň esasy gymmatynyň çeýe bilim ulgamyny döretmekden ybaratdygyny nygtady. Bu özgertmeleriň esasy gurallary hökmünde milli e-mekdep, men talyp platformalary we bitewi maglumat ulgamy bolan EMIS görkezildi.
Bu seljeriş gurallary okuwçylaryň gatnaşygy, ýetişigi we okuw ýüküni hakyky wagt tertibinde gözegçilikde saklamaga mümkinçilik berýär. Okuwçylaryň toplan “sanly yzynyň” esasynda ulgam aýratyn okuw ugurlaryny emele getirip, hünär ugruny saýlamak boýunça obýektiw maslahatlary berýär. Şol bir wagtyň özünde maşgalanyň çözgüt kabul etmekdäki esasy orny doly saklanýar.
Wekiliýet Türkmenistanda ornaşdyrylan ýokary bilimiň sanly KPI-monitoring ulgamyna aýratyn üns berdi. Bu ulgam kafedralaryň we mugallymlaryň ylmy hem-de innowasion işjeňligini onlarça görkezijiler boýunça, şol sanda patentler, ylmy barlaglardan alnan girdejiler we halkara Hirş indeksi arkaly bahalandyrýar.
Häzirki zaman sanly gurallary bilim ulgamyny zähmet bazary bilen gönüden-göni baglanyşdyrýar. Toplanan maglumatlar işgär ýetmezçiligini çaklamak, raýatyň bitewi bilim portfoliosyny döretmek we geljegiň hünärleriniň milli Atlasyny taýýarlamak üçin ulanylýar. Forumyň halkara bilermenleri Türkmenistanyň şeýle çemeleşmesiniň mugallymy çalyşmaýandygyny, tersine onuň işini güýçlendirýändigini we hakyky maglumatlara esaslanyp takyk dolandyryş çözgütlerini kabul etmäge mümkinçilik berýändigini bellediler.
ORIENT
