
19-njy maýda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M. Seýitmämmedow Katar döwletiniň körler üçin “Al-Noor” merkeziniň ýerine ýetiriji direktory Mişaal bin Abdulla Sakr Al-Nuaými bilen iş duşuşygyny geçirdi. Gepleşikleriň esasy mowzugy inklýuziw bilim, saglygy goraýyş we durmuş taýdan goldawy ugurlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmak hem-de tejribe alyşmak boldy.
Duşuşygyň dowamynda türkmen diplomaty merkeziň ýolbaşçylaryny ýurdumyzyň esasy gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyryp, aýratyn hem görüş we eşidiş taýdan mümkinçilikleri çäkli raýatlara döwlet tarapyndan berilýän goldawa ünsi çekdi.

Ilçi Türkmenistanda alnyp barylýan giň gerimli işler barada giňişleýin gürrüň berdi. Hususan-da, ol Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işi bilen, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli durmuşa geçirilýän durmuş taslamalary bilen tanyşdyrdy hem-de aýratyn zerurlyklary bolan adamlar üçin bilim we lukmançylyk maksatnamalarynyň utgaşdyrylmagynyň möhümdigini belledi.
“Al-Noor” merkeziniň ýolbaşçylary Türkmenistanyň inklýuziw syýasatyna ýokary baha berdiler. Taraplar amaly hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Geljekde iki ýurduň degişli hünärmenleriniň arasynda tejribe alyşmak maksatnamalaryny ýola goýmak, bilelikdäki ynsanperwer çäreleri geçirmek we reabilitasiýanyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmak meýilleşdirilýär. Bu bolsa taraplaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrmaga taýýardygyny görkezdi.
ORIENT