“Türkmengaz” döwlet konserni kärhananyň zerurlyklary üçin maddy-tehniki serişdeleri satyn almak boýunça № T/GAZ-026 belgili açyk tender yglan edýär.
Tender teklipleri 2026-njy ýylyň 20-nji maýyndan 3-nji iýulyna çenli kabul edilýär. Arzalary tabşyrmagyň soňky möhleti - 2026-njy ýylyň 3-nji iýuly ýerli wagt bilen sagat 15:00 çenli.
Tender lotlary
Satyn almalaryň çäklerinde aşakdakylar göz öňünde tutuldy:
Lot № 1 - «Turba we metal önümleri»;
Lot № 2 - «Umumy zawod enjamlary»;
Lot № 2 - «Tehnologik enjamlar»;
Lot № 3 - «Elektrotehniki enjamlar» (Göçme barlaghanalar).
Tendere diňe tender resminamalarynyň talaplaryna laýyk gelýän önüm öndüriji kompaniýalar gatnaşmaga goýberilýär.
Gatnaşmagyň şertleri
-
bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezmek bilen, ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarynda hasaba alnan ýa-da bahk hasaby bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);
-
"Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünlerinden" göçürme we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly;
-
lotlaryň häsiýetnamasyny, degişli tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almaly.
Bäsleşige gatnaşmak üçin yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen bir Lot üçin ABŞ-nyň 500 (bäş ýüz) dollary möçberinde ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almazdan) tölemek üçin hasap belgisini almaly.
Teklipleri tabşyrmagyň tertibi
Resminamalar Aşgabat ş. 1939, Arçabil şaýoly 56, 13-nji gat, “Türkmengaz” DK salgysy boýunça kabul edilýär.
Bildiriş neşir edilen pursatyndan başlap, bäsleşik üçin doly görnüşde teklip ýerleşdirilen (kotirowkaly), degişli möhür bilen kepillendirilen bukja ýokarda görkezilen salga ugradylmaly.
Tender bukjasynda aşakdakylar hökmany bolmaly:
-
anketanyň, şertnamanyň esasy häsiýetnamasynyň (Word görnüşde) elektron görnüşi;
-
tehniki-ykdysady häsiýetnama (Excel görnüşde).
Teklipler hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň, seljerilip başlanar.
Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär.
Habarlaşmak ücin
Elektron poçta:
info@turkmengaz.gov.tm
odum@turkmengaz.gov.tm
Telefon belgileri: 40-37-39, 40-37-40, 40-37-41, 40-37-42
Faks: 40-37-45.
