"Tatneft" kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy F-800 ätiýaçlyk nasos bloguny dikeltmek üçin ätiýaçlyk şaýlaryny we materiallary satyn almak boýunça №2026/28 belgili tender yglan edýär.
Tenderiň geçiriljek möhleti 2026-njy ýylyň 20-nji maýyndan 12-nji iýuny aralygynda kesgitlenildi.
Tenderiň predmeti
Satyn alyş şu walýutalarda amala aşyrylýar:
• Türkmen manadynda; • Russiýa Federasiýasynyň rublynda.
Satyn alşyň predmeti — F-800 ätiýaçlyk nasos bloguny dikeltmek üçin ätiýaçlyk şaýlary we materiallary.
Tenderde gatnaşmagyň tertibi
Gatnaşmak üçin:
• dalaşgäriň resmi blankasynda şahamçanyň ýolbaşçysynyň adyna arza taýýarlap, ony elektron poçta arkaly şu salga ibermeli: KhalilulinBS@tatneft.tatar
Arzada şu maglumatlar görkezilmelidir:
• gatnaşyjynyň doly ady;
• hukuk ýagdaýy;
• hasaba alnan ýurdy;
• bank rekwizitleri.
Offşor zolagynda hasaba alnan ýa-da şol ýerde bank hasaplary bolan kompaniýalaryň arzalary kabul edilmeýär.
Arza kabul edilenden soň, gatnaşyja görkezilen elektron salgysyna tehniki tabşyryk iberilýär.
Tender teklibi elektron görnüşde tabşyrylýar:
• PDF formatyndaky faýllar;
• Excel görnüşindäki nusgasy;
• RAR formatynda arhiwlenen;
• azyndan 8 simwoldan ybarat açar sözi bilen goralan bolmaly.
Teklipleri tabşyrmagyň möhleti — «Nebit-Gaz» gazetinde resmi çap edilen gününden başlap 15 iş gününiň dowamynda, ýöne iň gijesi soňky günüň ýerli wagt bilen sagat 18:00-a çenli.
Habarlaşmak üçin maglumatlar
Guramaçylyk meseleleri boýunça:
• MTO inženeri — +993-65-83-18-99
Tehniki meseleler boýunça:
baş mehanik — +993-65-35-12-57, +993-62-74-18-80
