Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýanyndaky Syýasy meseleler boýunça konsultatiw komitetiň başlygy Tan Şri Mohd Hassan Marikan bilen duşuşdy.
Duşuşygyň esasy temasy hyzmatdaşlygy Hazar deňziniň türkmen böleginiň çäklerinden daşary giňeltmek boldy. Malaýziýa tarapy harytlyk gazyň öndürilişini artdyrmak üçin ägirt uly «Galkynyş» gaz känini özleşdirmäge gatnaşmaga gyzyklanma bildirdi. Gurbanguly Berdimuhamedow bu teklipleriň ähmiýetini belläp, hyzmatdaşlaryň tagallalarynyň gazhimiýa senagatyndaky täze taslamalary durmuşa geçirmäge hem gönükdirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.
Söhbetdeşligiň dowamynda «PETRONAS» kompaniýasynyň Türkmenistandaky işiniň 30 ýyllyk ýubileýiniň ähmiýeti hem bellenilip geçildi. Bu sene mynasybetli, Malaýziýanyň Premýer-ministriniň öňde boljak saparynyň çäklerinde Önümi paýlaşmak hakyndaky şertnama gol çekilmegine we ugurdaş serginiň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Taraplar nebitgaz pudagy üçin milli hünärmenleri taýýarlamaga we önümçilige sanly tehnologiýalary ornaşdyrmaga aýratyn üns berdiler.
