||

Azerbaýjan demir ýollaryna degişli Bakuw halkara deňiz portunda Türkmenistanda gurlan «Gadamly» ilkinji gury ýük gämisini garşy almak dabarasy geçirildi.
Trend agentliginiň habar bermegine görä, gämi Bakuw we Türkmenbaşy portlarynyň arasynda yzygiderli konteýner daşamalarynda ulanylar.
Täze gäminiň ulanmaga berilmegi Orta geçelgäniň, şol sanda onuň çägindäki Ýewraziýa ulag ugrunyň ösdürilmeginde möhüm ädim hökmünde bahalandyrylýar.
Ýük göterijiligi 6 100 tonna bolan «Gadamly» gämisi 240 sany ýigrimi futlyk konteýneri daşamaga ukyplydyr. Şeýle hem onuň ulanylyşynyň Bakuw portunyň ýyllyk ýük dolanyşygynyň artmagyna oňyn täsir etmegine garaşylýar.