Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi Beata Peksa «ORIENT»-iň okyjylaryna Ýewropa gününiň hormatyna ýörite makala bilen ýüzlendi. Beata Peksa öz ýüzlenmesinde Ýewropa gününiň parahatçylygyň, dürlülikdäki agzybirligiň we raýdaşlygyň nyşany hökmündäki umumy manysyny açyp görkezýär, bu gymmatlyklar bolsa Türkmenistanda çuňňur düşünjä eýe bolýar. Ilçi ÝB bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň diňe bir umumy bähbitlere däl, eýsem, özara hormat goýmaga we goldawa, şeýle hem durnukly we gülläp ösýän sebit baradaky umumy garaýyşlara esaslanýandygyny nygtaýar.
Aşakda ÝB-niň Türkmenistandaky ilçisi Beata Peksanyň makalasyny köpçülige hödürleýäris.
ÝEWROPA GÜNI: Türkmenistanda Ýewropa ruhunyň baýram edilmegi
9-njy maýda Ýewropanyň köçeleri janlanýar. Milli baýdaklaryň gapdalynda parlaýan on iki sany altyn ýyldyzly gök baýdaklaryň aşagynda adamlar konsertlere, festiwallara, pikniklere we «Ýewropa kafelerine» ýygnanýarlar, marafonlara gatnaşýarlar we töwerekdäki bahar paslynyň gülleyişinden lezzet alýarlar. Ýewropa Bileleşiginiň gimni bolan «Şatlyk odasy» filarmoniki orkestrleriň we köçe sazandalarynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanýar. Brýusselda, Strasburgda we Lýuksemburgda ÝB-niň edaralary öz gapylaryny köpçülik üçin açýarlar we müňlerçe adamy Ýewropa Bileleşiginiň kanunlarynyň nähili işlenip düzülýändigini, kabul edilýändigini we ähli resmi dillerine nähili terjime edilýändigini görmäge çagyrýarlar. Her bir adam üçin bu gün biziň dürlüligimizdäki agzybirligimizi hem-de bilelikde has güýçli, has baý we has ygtybarlydygymyzy ýatladýan gün bolup hyzmat edýär.
Mundan ýetmiş alty ýyl ozal, 9-njy maýda, Ikinji jahan urşy tamamlanandan bäş ýyl soň, Şuman jarnamasy kabul edildi. Ol Fransiýanyň daşary işler ministri Rober Şumanyň Fransiýa bilen Germaniýanyň kömür we polat önümçiligine gözegçilik etjek bilelikdäki edarany döretmek baradaky teklibiniň esasynda işlenip düzüldi we oňa beýleki Ýewropa ýurtlary hem çagyryldy. Şumanyň bu pikiri köp asyrlyk agzalalyklara nokat goýmaga we öňki duşmanlaryň arasyndaky uruşlary «akyla sygmajak we maddy taýdan mümkin däl» ýagdaýa getirmäge gönükdirilipdi.
Şeýlelik bilen, Ýewropa taryhynyň akymyny üýtgeden we Ýewropanyň dünýädäki ornuny täzeden kesgitlän uly göwrümli hem-de ajaýyp taslama başlandy. Bu gün bolsa şol ajaýyp garaýyşlar olaryň sesleriniň ähmiýetli we hukuklary goralýan jemgyýetde ýaşaýan 27 döwletiň hem-de 450 milliona golaý raýatyň agzybir Bileleşigine öwrüldi.
Emma-da, parahatçylygyň, agzybirligiň, umumy gymmatlyklaryň we raýdaşlygyň dowamly ösýän bu taslamasy diňe biziň öz abadançylygymyza we içerki syýasy maksatlarymyza gönükdirilen däldir. Biz häzirki zaman özara baglanyşykly dünýäde biriniň abadançylygy beýlekiniň abadançylygy bilen berk baglanyşyklydygyny bilýäris. Edil şonuň üçin hem, Ýewropa Bileleşigi deňhukukly hyzmatdaşlyk arkaly parahatçylygy, durnukly ösüşi we medeniýetara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyny gazanmak üçin bütin dünýädäki hyzmatdaşlary bilen özara gatnaşyklary saklaýar. Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili Kaýa Kallasynyň ýaňy-ýakynda belläp geçişi ýaly: «Bu gün Ýewropa öz hyzmatdaşlaryna ozalkysyndan has köp zat hödürläp bilýär. Men dünýä syýahat edenimde, hemme ýerde Ýewropa bolan umtylyşy görýärin». Biz muňa buýsanýarys.
Aşgabatda Ýewropa gününi bellemek bilen, Ýewropanyň Türkmenistanda hem hoşniýetli garşylanýandygyna ynanýarys. Biziň hyzmatdaşlygymyz diňe bir umumy bähbitlere esaslanman, eýsem, özara hormat goýmaga we goldawa, şeýle hem durnukly we gülläp ösýän sebit hem-de dünýä baradaky umumy garaýyşlarymyza esaslanýandyr.
Şonuň üçin hem biz Türkmenistany durnukly ösüş we özgertmeler meselelerinde, özara baglanyşyklylygy ösdürmekde we bizi birleşdirýän ulag geçelgelerini bilelikde kämilleşdirmekde, şeýle hem işewürlik we ykdysady hyzmatdaşlyk ulgamlarynda goldaýarys — munuň aýdyň subutnamasy hökmünde ýakynda şowly geçirilen Işewürlik forumyny görkezmek bolar. 2026-njy ýylda biz “ýaşyl” geçişi amala aşyrmak, şol sanda metan zyňyndylaryny azaltmak we durnukly energetikany ösdürmek, “Global Gateway” başlangyjynyň çäklerinde Merkezi Aziýany we Ýewropany birleşdirýän Hazarüsti ulag geçelgesini döretmek arkaly özara baglanyşyklylygy ösdürmek, şeýle hem geljekki nesle üstünlik gazanmak üçin zerur bolan endikleri bermek maksady bilen ýokary bilimi we hünär öwrenişi goldamak arkaly ynsan mümkinçiliklerini ilerletmek ugrunda gatnaşyklarymyzy has-da çuňlaşdyrýarys.
Şeýle hem, biz Türkmenistany Merkezi Aziýada we onuň çäklerinden daşarda — howpsuzlyk we parahatçylyk meselelerinde goldaýarys. Öz Bileleşigimizi goramak bilen bir hatarda, biz dünýäniň galan bölegini hem unutmadyk we gapma-garşylyklaryň öňüni almak hem-de parahatçylygy ilerletmek ugrunda işlerimizi dowam etdirýäris.
Häzirki durnuksyz dünýäniň howplary we töwekgelçilikleri örän uludyr we olar Aşgabatdan aýdyň görünýär. Olary ýeňip geçmek üçin bize Robert Şuman ýaly Ýewropanyň esaslandyryjy atalarynyň görkezen öňdengörüjiligi we liderlik ukyby gerekdir. Şeýle hem bize halkara hukugyna we BMG-niň kadalaryna ygrarlylyk zerurdyr. Biz bu gymmatlyklary Türkmenistan bilen paýlaşýarys we munuň üçin ýurduň ýolbaşçylaryna hem-de ähli türkmen raýatlaryna minnetdarlyk bildirýäris.
Biz Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň mundan beýläk-de berkidilmegine umyt edýäris. Biz türkmen tarapynyň örän oňyn açyklygyny belleýäris we gatnaşyklarymyzyň täze ugurlary boýunça geçiriljek maslahatlaşmalaryň — şol sanda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Brýussele garaşylýan saparynyň — hem-de ikitaraplaýyn we sebitleýin taslamalaryň çäklerindäki amaly hyzmatdaşlygyň dowam etdiriljekdigine ynanýarys.
9-njy maýda ýewropalylar bölünişik däl-de, parahatçylygy saýlamaga batyrgaýlyklaryny belleýärler. Türkmenistan özüniň Bitaraplyk ýörelgesi bilen bu saýlawa çuňňur düşünýär. Geliň, ýene bir Ýewropa gününi we ÝB bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýene bir ýylyny bilelikde belläliň.
