Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin
24-nji maýda Mukamlar Köşginde Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan medeni çäre geçiriler. Döwlet simfoniki orkestri maestro Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygynda paýtagtymyzyň tomaşaçylaryna kinokonsert görnüşindäki çykyşyny hödürlär.
Agşamyň maksatnamasynda 1921-nji ýylda surata düşürilen meşhur sessiz kinokomediýa — "Körpe" filmi görkeziler. Filmiň görkezilişi orkestriň janly saz ýerine ýetirmegi bilen utgaşar, bu bolsa myhmanlara dünýä kinematografiýasynyň nusgawy eserine täzeden garamaga mümkinçilik berer.
Çuňňur duýgulara we ýakymly degişmä baý bolan bu eser giň tomaşaçylar köpçüligi üçin niýetlenendir.
Çäre sagat 19:00-da başlanýar.
Biletler baradaky maglumatlary şu telefon belgileri arkaly alyp bolýar: 72-45-12
+99363-46-71-77
26-69-17
