Eni Turkmenistan Limited kompaniýasy dört sany wagtlaýyn boş iş ornuna resminamalary kabul edip başlady. Resminamalary tabşyrmagyň iň soňky möhleti — 2026-njy ýylyň 22-nji maýy.
Açyk wezipeler:
IKT infrastruktura inženeri (wagtlaýyn)
Esasy talaplar:
• Ýokary bilim (maglumat tehnologiýalary, kompýuter ylymlary we inženerçiligi, telekommunikasiýa inženerçiligi ýa-da degişli ugurlar boýunça)
• Halkara toparynda ýa-da korporatiw IT gurşawynda, nebit-gaz pudagynda IT infrastrukturasyny we ulgamlaryny dolandyrmak boýunça azyndan 3 ýyl iş tejribesi
Zerur şahadatnamalar:
• Microsoft: Windows Server / Azure Administrator
• Wirtuallaşdyrma: Vmware
• Tor tehnologiýalary: Cisco, CompTIA Network+
• IT hyzmatlaryny dolandyrmak: ITIL Foundation
• Howpsuzlyk: Cisco, Palo Alto, CompTIA Security+
• Türkmen, rus we iňlis dillerini bilmek.
Iş şertleri:
• Iş tertibi: 5/2
• Iş ýeri: Burun käni, Balkanabat şäheri
Zähmeti goramak, tehniki howpsuzlyk we daşky gurşawy goramak bölüminiň başlygy (wagtlaýyn)
Esasy talaplar:
• Ýokary tehniki bilim
• Zähmeti goramak, tehniki howpsuzlyk we daşky gurşawy goramak ulgamynda azyndan 3 ýyl iş tejribesi
• Türkmen, rus we iňlis dillerini bilmek
• Kompýuterden ynamly peýdalanmak
• ISO 45001/14001 standartlaryna laýyklykda zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk boýunça akkreditirlenen auditor sertifikatynyň bolmagy (bar bolsa)
Iş şertleri:
• Iş tertibi: 14/14 (wagtlaýyn çalşykly iş)
• Iş ýeri: Burun käni, Balkanabat şäheri
Meýilleşdiriş boýunça hünärmen (wagtlaýyn)
Esasy talaplar:
• Ýokary bilim (inženerçilik ýa-da tebigy ylymlary boýunça) ýa-da orta tehniki bilim
• Tehniki hyzmatlary meýilleşdirmek we iş tertibini düzmek boýunça azyndan 1 ýyl iş tejribesi
• Türkmen, rus we iňlis dillerini gowy bilmek
• Kompýuter başarnyklary: Microsoft Office, SAP, korporatiw programma üpjünçiliginiň interfeýsleri
Iş şertleri:
• Iş tertibi: 5/2
• Iş ýeri: Burun käni, Balkanabat şäheri
Üpjün edijileri dolandyrmak boýunça inžener (wagtlaýyn)
Esasy talaplar:
• Ýokary bilim (ykdysadyýet/işewürlik dolandyryşy/hukuk boýunça bolmagy has gowy görülýär)
• Satyn alyşlar, üpjün edijileri dolandyrmak ýa-da üpjünçilik zynjyryny dolandyrmak ulgamynda azyndan 3 ýyl iş tejribesi
• Türkmen, rus we iňlis dillerini gowy bilmek
• Kompýuter başarnyklary: Microsoft Office, Excel, Outlook, SAP, VMS
Iş şertleri:
• Iş tertibi: 5/2
• Iş ýeri: kompaniýanyň ofisi, Aşgabat şäheri
Şahsy maglumatlary we degişli resminamalar boş iş ornunyň adyny hatyň mowzugynda görkezmek bilen etl.jobs@eni.com elektron salgysyna iberilmeli.
Söhbetdeşlige diňe talaplara iň laýyk gelýän dalaşgärler çagyrylar.
ORIENT
