2026-njy ýylyň 31-nji maýy — 3-nji iýuny aralygynda Antalýada ilkinji gezek halkara “Sports & Events Türkiye” forumy geçiriler. Bu çäre sport senagatynyň öňdebaryjy wekillerini we dünýäniň iri çäre guramaçylaryny Türkiýe Riwýerasyna jemläp, sebiti sport syýahatçylygynyň öňdebaryjy merkezleriniň biri hökmünde has-da pugtalandyrar.

Türkiýäniň syýahatçylyk we sport ministrliginiň howandarlygynda geçiriljek forum 300-den gowrak halkara gatnaşyjyny we onlarça ýerli hyzmat üpjün edijilerini bir ýere jemlär. Maksatnama B2B görnüşindäki 1000-den gowrak iş duşuşygyny öz içine alýar. Esasy maksat — ýaryşlary, türgenleşik ýygnanyşyklaryny hem-de korporatiw saparlary guramak üçin türk kompaniýalary bilen Ýewraziýadan we Ýakyn Gündogardan gelen esasy hyzmatdaşlaryň arasynda gatnaşyklary ýola goýmakdyr.

Näme üçin Antalýa?
Geçiriljek ýeriň saýlanylmagy sebitiň özboluşly infrastrukturasyna baglydyr. Bu ýerde ýylyň dowamynda türgenleşik geçirmek üçin amatly, 300 güne golaý güneşli howa şertleri bar. Şeýle-de Belekdäki golf meýdançalaryndan başlap, dünýä derejesindäki futbol merkezlerine çenli dürli sport ugurlary üçin mümkinçilikler döredilen. Antalýa “Tour of Antalya” we “Runtalya” ýaly iri halkara sport çärelerini üstünlikli geçirmekde hem baý tejribä eýedir.

Dünýäde sport çäreleriniň bazary çalt ösýär we çaklamalara görä, 2031-nji ýyla çenli onuň möçberi 609 milliard dollara ýeter. Türkiýe bu ugra işjeň goşulyşyp, diňe bir deňiz kenaryndaky dynç alyşy däl, eýsem professional sport üçin ýokary tehnologiýaly meýdançalary hem hödürleýär. Antalýada geçiriljek forum bu mümkinçilikleri dünýä jemgyýetçiligine görkezmek üçin möhüm platforma bolar.
ORIENT
