
2026-njy ýylyň 13–16-njy maýy aralygynda Stambul ilkinji gezek abraýly Global Design Forum maslahaty üçin meýdança öwrüler. 15 ýylyň dowamynda London dizaýn festiwalynyň esasy bölegi bolan bu çäre sebitiň döredijilik pudagynyň kuwwatly mümkinçiligini görkezmek üçin Türkiýä geçirilýär.
Şäher sungat bezegi hökmünde

Dünýä belli dizaýner Melek Zeýnep Buludyň ýolbaşçylygynda forum maslahatlar zallary bilen çäklenmez. Topkapy köşgüniň çäkleri ýaly taryhy ýerler sungat meýdançalaryna öwrüler. Bu ýerde öňdebaryjy halkara ussatlarynyň özboluşly installýasiýalary ýerleşdirilip, şäher açyk asmanyň astyndaky döredijilik barlaghanasyna öwrüler.
Forumyň maksatnamasy birnäçe esasy ugurlary öz içine alýar:
• Maslahatlaşmalar platformasy: dünýäniň bilermenleri häzirki döwrüň ählumumy krizislerini çözmekde dizaýnyň ornuny ara alyp maslahatlaşarlar.
• “Täzeçe garaýyş” (Rethinking) bäsleşigi: Stambulyň özboluşly bagçylyk medeniýetini täzeden janlandyrmaga gönükdirilen taslama.
• “Stambullylar” (İstanbullar) başlangyjy: ýerli döredijilik ýaşlaryny goldamak we öňe çykarmak üçin meýdança.
Megapolisiň döredijilik ekoulgamy

Forumyň geçiriljek ýeri hökmünde Stambulyň saýlanmagy tötänden däldir. Häzirki wagtda şäherde ösen infrastruktura bar: 41 maslahatlar merkezi, 225 galereýa we dizaýn ugrunda bilim berýän 27 uniwersitet hereket edýär. Medeni merkez hökmündäki derejesi her ýyl geçirilýän Stambul biennalesi we Contemporary Istanbul ýarmarkasy ýaly çäreler bilen tassyklanýar.
Şäheriň myhmanlary üçin forum Stambula täzeçe nazar bilen garamaga mümkinçilik döreder. Köp asyrlyk binagärligiň, milli senetçiligiň we batyrgaý innowasiýalaryň utgaşmagy özboluşly medeni tejribe döredip, maý aýynyň çäreler senenamasyny has-da baýlaşdyrar.

Türkiýäniň Syýahatçylygy ösdürmek we öňe ilerletmek agentliginiň (TGA) goldawy bilen geçirilýän Global Design Forum Stambuly häzirki zaman dizaýnynyň dünýä derejesindäki dinamiki merkezleriniň biri hökmünde pugtalandyrmagy maksat edinýär.
ORIENT