Wengriýada Wiktor Orbanyň köp ýyllap dowam eden eýýamy tamamlandy. Täzelenen parlamentiň ilkinji mejlisinde “Tisa” partiýasynyň lideri, 45 ýaşly Peter Madýar ýurduň premýer-ministri wezipesine saýlandy. Onuň dalaşgärligini 140 deputat goldady, bu bolsa ýurduň içeri we daşary syýasatynda düýpli özgerişleriň başlanýandygyny görkezýär.
Täze premýer wezipesine girişen dessine, Wengriýanyň parlament binasyna köp ýyllaryň dowamynda asylmadyk Ýewropa Bileleşiginiň baýdagy gaýtadan ýerleşdirildi. Parlamentiň spikeri wezipesine saýlanan Agneş Forsthoffer bu ädimi Wengriýanyň ýene-de Ýewropa maşgalasyna dolanyp barýandygynyň ilkinji nyşany diýip atlandyrdy.
Wezipä girişmek dabarasynda eden çykyşynda Peter Madýar “ýurdy dolandyrmak” däl-de, “öz ýurduna hyzmat etmek” isleýändigini aýtdy. Onuň esasy ileri tutýan ugurlarynyň arasynda öňki ýyllardaky hyýanatçylyklary derňemek üçin garaşsyz guramany döretmek arkaly korrupsiýa garşy göreşmek, saglygy goraýyş we bilim ulgamlaryny düýpli täzelemek, şeýle hem ÝB we NATO hyzmatdaşlarynyň ynamyny gaýtadan dikeltmek üçin kanunyň hökmürowanlygyny berkitmek işleri bar.
Madýaryň saýlanmagy Brýusselde we Kiýewde tiz seslenme döretdi. Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen Wengriýadaky özgertmeleri çylşyrymly döwürde güýçli duýduryş diýip atlandyrdy. Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý hem täze hökümet ýolbaşçysyny gutlap, berk goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge taýýardygyny bildirdi.
Täze Ministrler Kabinetiniň ilkinji ädimleri eýýäm syýasy ugruň üýtgändigini görkezdi. Madýaryň ýeňşinden soň, Wengriýa Ukraina üçin täze iri möçberli ÝB karzyna bolan wetony aýyrdy we täze sanksiyalar toplumyny goldady.
Peter Madýar professional adwokat we güýçli çykyşlary bilen tanalýan syýasatçy bolup, ol 2024-nji ýylyň başynda syýasata çalt depgin bilen geldi. Onuň “Tisa” partiýasy ilata garyplygy azaltmaga we durmuş syýasatyny güýçlendirmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeler maksatnamasyny hödürläp, parlamentdäki orunlaryň üçden iki böleginden gowragyny gazandy.
16 ýyl bäri hökümete ýolbaşçylyk eden öňki premýer-ministr Wiktor Orban mejlise gatnaşmady. Ol mundan öň deputat mandatyny kabul etmekden resmi taýdan ýüz öwrüpdi.
ORIENT
