ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Hytaýa garaşylýan döwlet sapary, hytaý-amerikan gatnaşyklaryndaky we halkara ýagdaýyndaky düýpli özgermeleriň, şeýle hem Ýakyn Gündogardaky durnuksyzlyk şertlerinde bütin dünýäniň ünsüni özüne çekýär.
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça Tramp 13-15-nji maý aralygynda Hytaýa döwlet saparyny amala aşyrar diýip, Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň wekili duşenbe güni habar berdi. Bu sapar ABŞ-nyň Prezidentiniň 2017-nji ýyldan bäri Hytaýa amala aşyrjak ilkinji sapary bolar. Si Szinpin bilen Trampyň iň soňky duşuşygy 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda Koreýa Respublikasynyň Pusan şäherinde bolup geçipdi.
“Bu, soňky dokuz ýylyň içinde ABŞ-nyň Prezidentiniň Hytaýa ilkinji saparydyr. Hytaý hem, Amerikanyň Birleşen Ştatlary hem iri döwletlerdir — olar Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik agzalary we dünýäniň iň uly iki ykdysadyýetidir. Olaryň özara gatnaşygy halkara ýagdaýynyň geljekki ösüşine düýpli täsir edýär. Şonuň üçin hem bu sapar belli bir derejede iki ýurt üçin we ählumumy syýasatyň hem-de ykdysadyýetiň geljekki ugruna örän möhümdir”diýip, Hytaýyň Daşary işler uniwersitetiniň prezidenti Gao Feý aýtdy.
Döwlet Baştutanlarynyň diplomatiýasy hytaý-amerikan gatnaşyklarynda çalşyryp bolmajak strategik orny eýeleýärler. Geçen ýyldan bäri Tramp Hytaýa gelmäge taýýardygyny birnäçe gezek mälim etdi we iki tarap hem sapary guramak meseleleri boýunça yzygiderli aragatnaşyk saklaýarlar. Hytaý-amerikan gatnaşyklarynyň we halkara ýagdaýynyň düýpli özgerişlikleri başdan geçirýän döwründe, iki tarapyň hem ykdysady we söwda hyzmatdaşlygy, şeýle-de beýleki esasy meseleler boýunça çuňňur pikir alyşmak üçin bu sapardan nähili peýdalanjakdygyna bütin dünýä üns berer.
2025-nji ýylyň başyndan bäri iki döwletiň Baştutanlary bäş gezek telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler we elbetde, Pusan duşuşygy hem möhüm boldy. Ykdysadyýet we söwda özara gatnaşyklaryň esasy meseleleriniň biri bolmagynda galýar, bu sapar hem esasan şol meselelere gönükdiriler. Bu ugurda iki tarap hem umumy ýagdaýa we uzak möhletleýin geljege giňişleýin seretmek üçin garaýyşlaryny saklamalydyr. Olar bir ugurda işlemek, hyzmatdaşlygyň sanawyny giňeltmek we gapma-garşylyklaryň sanawyny azaltmak üçin yzygiderli tagalla etmelidirler. Bu bolsa iki tarapyň bähbitlerine hyzmat eder we halkara jemgyýetçiliginiň umumy pikirine laýyk geler” diýip, Hytaý halk uniwersitetiniň Milli ösüş we strategiýa akademiýasynyň dekanynyň orunbasary Dýao Damin aýtdy.
Döwlet saparynyň öňisyrasynda, iki ýurduň ylalaşygyna laýyklykda, Hytaý Halk Respublikasynyň Merkezi Komitetiniň Syýasy býurosynyň agzasy, Hytaýyň wise-premýeri He Lifen ýokary derejeli amerikan wekiliýeti bilen ykdysady we söwda geňeşmelerini geçirmek üçin 12-13-nji maý aralygynda Koreýa Respublikasyna iberiljek wekiliýete ýolbaşçylyk eder. Pekine amala aşyryljak döwlet saparynyň dowamynda Trampa tanalýan amerikan telekeçilerinden ybarat wekiliýetiň hem gatnaşmagyna garaşylýar.
Şu ýylyň başynda Hytaýdaky Amerikan söwda edarasy tarapyndan çap edilen maglumatlar, amerikan kompaniýalarynyň Hytaý bazarynyň geljekki ösüşine bolan ynamynyň has-da artandygyny görkezdi. Sorag edilenleriň ýarysyndan gowragy geçen ýyl girdejili ýa-da ýokary girdejili bolandyklaryny habar berdiler. Şunda olaryň 70 göteriminden gowragy öz işlerini Hytaýyň daşyna çykarmagy meýilleşdirmeýär, takmynan 60 göterimi bolsa maýa goýumlaryny artdyrmakçy bolýar. Bu sanlar «hyzmatdaşlygyň iki tarapa-da bähbitlidigini, gapma-garşylygyň bolsa iki tarapa-da zyýanlydygy» baradaky jümläniň diňe bir syýasy ritorika däl-de, eýsem köp ýyllyk tejribä esaslanýan çuňňur netijedigini tassyklaýar.
“Biz Hytaýyň we ABŞ-nyň hyzmatdaşlykdan utýandygyny, gapma-garşylykdan bolsa utulýandygyny birnäçe gezek nygtadyk; hyzmatdaşlyk ýeke-täk dogry saýlawdyr. Soňky döwürde, hem düşünişmezlikler wagtynda, hem-de soňky bir ýylyň dowamynda saklanan umumy durnuklylyk döwründe, bu dürli ýollaryň gapma-garşylykly netijeleri aýdyň görkezildi. Soňky wagtda umumy durnuklylygyň dialog we hyzmatdaşlyk ugrunyň saýlanmagynyň oňyn netijesidigi äşgärdir” diýip, Dýao aýtdy.
Bu saparyň ähli derejelerdäki we dürli pudaklardaky köp sanly pikir alyşmalaryň şertinde amala aşyrylýandygy üns çekijidir. Geçen hepde Trampyň wezipesine girişmeginden soň Hytaýa gelen ABŞ-nyň Kongresiniň ilkinji iki partiýaly wekiliýetine Montanadan bolan respublikaçy senator Stiw Deýns ýolbaşçylyk etdi.
ABŞ-nyň strategik jemgyýetçiliginde has pragmatik garaýyşlar hem beýan edilýär. Halkara gatnaşyklar geňeşiniň prezidenti Maýkl Froman ýakynda beren beýanatynda dünýäniň iň täsirli we iň uly iki ykdysadyýeti açyk aragatnaşyk kanallaryny saklan ýagdaýynda dünýäniň has durnukly bolýandygyny belledi.
“Meniň pikirimçe, netije saparyň özi, iki lideriň duşuşyp, strategik meseleleriň tutuş toplumyny ara alyp maslahatlaşjakdygydyr. Olar soňky bir ýylyň dowamynda gazanan durnuklylygymyzy saklap biljekdigimize göz ýetirmek isleýärler diýip pikir edýärin we bu durnuklylyk geljekde hem dowam etmeli. Şonuň üçin bu duşuşyklaryň muňa ýardam etjekdigine ynanýaryn” diýip, Ýel hukuk mekdebiniň uly ylmy işgäri Sýuzan Tornton aýtdy.
“Hytaý-amerikan gatnaşyklaryna obýektiw seretsek, elbetde, iki ýurt hem ähli meseleleri diňe bir ýokary derejeli pikir alyşma bilen çözüp bilmez. Emma, bu özara gatnaşygyň iň azyndan iki ýurdy hem bar bolan garaýyşlaryna täzeden seretmäge we bilelikde ýaşaşmagyň täze hem-de dogry ýoluny tapmaga itergi berip biljekdigine ynanýaryn” diýip, Gao aýtdy.