Italiýada emeli aňa baglylyk sebäpli lukmançylyk kömegine ýüz tutulmagy bilen bagly ilkinji resmi ýagdaý hasaba alyndy. Bu barada Italiýanyň baglylygy bolan adamlara kömek bermek boýunça döwlet gullugy — SERD habar berdi.
Lukmanlaryň maglumatlaryna görä, näsag 20 ýaşly gyz bolupdyr. Ol neýrotor hyzmaty bilen yzygiderli we uzak wagtlap aragatnaşyk saklady, bu bolsa kem-kemden ulgam bilen emosional baglylygy emele getiripdir.
Wagtyň geçmegi bilen, emeli aň onuň gepleşik stiline has gowy uýgunlaşyp başlapdyr, gyz bolsa ony “howpsuz söhbetdeş” we “dost” hökmünde kabul edipdir. Netijede, bu ýagdaý sosial çetleşmä we hakyky daş-töwereginden kem-kemden daşlaşmagyna getiripdir.
Lukmançylyk edarasynyň baş lukmany Laura Suardi munuň hünärmenler üçin garaşylmadyk ýagdaý bolmandygyny aýtdy.
Onuň sözlerine görä, sanly tehnologiýalaryň ösmegi we neýrotorlaryň giňden ulanylmagy psihologik baglylygyň täze görnüşleriniň emele gelmegi üçin şert döredýär.
