Malaýziýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy 2026-njy okuw ýyly üçin Malaysian Technical Cooperation Programme (MTCP) Scholarship halkara talyp hakly maksatnamasyna gatnaşmak üçin arzalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan etdi.
Malaýziýanyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän bu maksatnama Türkmenistanyň raýatlaryna ýurduň döwlet uniwersitetlerinde magistratura maksatnamalary boýunça bilim almaga mümkinçilik berýär.
Okuw coursework, mixed mode ýa-da research görnüşindäki magistratura maksatnamalary boýunça amala aşyrylyp bilner. Okuw möhleti 24 aýdan 36 aýa çenli dowam edýär.
Maksatnama gatnaşmak üçin arzalar 2026-njy ýylyň 12-nji iýnuna çenli kabul edilýär. Resminamalary maksatnamanyň resmi saýty arkaly tabşyryp bolýar: MTCP Scholarship https://mtcp.kln.gov.my/scholarship?utm_source
