
«UK–Turkmenistan B2B Exchange» atly söwda saparynyň ilkinji gününde Türkmenistanyň wekiliýeti bilen geçirilen gepleşiklere Land Rover, Primark, Kembrij uniwersiteti, Beýik Britaniýanyň Oba hojalygy we Genetika babatynda Tehnologiýalary (UKTAG) hem-de Advantix Ltd kompaniýalary goşuldy. Bu kompaniýalaryň her biri — awtoulag we dokma senagatyndan başlap, oba hojalyk tehnologiýalaryna, syýahatçylyga we bilim ulgamyna çenli hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryna düýpli gyzyklanma bildirdi.

Land Rover ýurduň awtoulag bazaryna çykmagyň mümkinçiliklerini öwrenýär, Primark dokma senagatynda hyzmatdaşlygyň ugurlaryny seljerýär, UKTAG agrosenagat tehnologiýalary boýunça teklipleri öňe sürýär, Advantix Ltd syýahatçylyk pudagyny ösdürmäge gyzyklanma bildirýär, Kembrij uniwersiteti bolsa bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine garaýar. Bu guramalaryň eýýäm hemmesi bilen işewürlik saparyň maksatnamasynyň çäklerinde işjeň gepleşikler dowam edýär.
Şu gün, 12-nji maýda, türkmen wekiliýeti 12–14-nji maý aralygynda ExCeL London sergi merkezinde geçirilýän UK Construction Week London 2026 atly sergisine, ýagny Beýik Britaniýanyň iň iri we abraýly gurluşyk çäresine gatnaşdylar.

Sergi alty ýöriteleşdirilen ugry birleşdirýär. Olar materiallar we gurluşlardan; enjamlardan, gurallar we tehnika kärendesinden, gurluşyk hyzmatlaryndan, gurluşyk tehnologiýalary we emeli aňdan, modul gurluşygyndan, şeýle hem gün energetikasy we energiýa saklaýyş ulgamlaryndan ybaratdyr. Bu ýyl çäre 600 gowrak kompaniýany, 700 gowrak çykyş edýäni hem-de 25 000 gowrak gatnaşyjyny jemlär. Türkmen tarapyna UK Construction Week atly çäre ýurduň ileri tutulýan ykdysady pudaklarynyň biri bolan gurluşyk senagatynda iň öňdebaryjy tehnologiýalara, materiallara we geljekki hyzmatdaşlara göni çykmaga mümkinçilik döredýär.
ORIENT