Çeşme: Günorta-Gündogar Aziýa döwletleriniň assosiasiýasy (ASEAN)
Anna güni Filippinleriň Sebu welaýatynda Günorta-Gündogar Aziýa döwletleriniň assosiasiýasynyň (ASEAN) 48-nji sammiti açyldy. Onuň esasy ileri tutulýan ugurlary energetika howpsuzlygy, azyk howpsuzlygy we bütin dünýädäki ASEAN ýurtlarynyň raýatlarynyň howpsuzlygy boldy. ASEAN-a agza ýurtlaryň ministrleri şeýle hem beýleki meseleleri, şol sanda 2026-njy ýylyň iýulynda bellenilmegi meýilleşdirilýän Günorta-Gündogar Aziýada dostluk we hyzmatdaşlyk baradaky şertnamanyň 50 ýyllygyna bagyşlanan çärelere taýýarlyk görmegi ara alyp maslahatlaşarlar.
1967-nji ýylda döredilen bu bileleşigiň düzümine Bruney, Kamboja, Indoneziýa, Laos, Malaýziýa, Mýanma, Filippinler, Singapur, Tailand, Wýetnam we geçen ýylyň oktýabr aýynda Malaýziýada geçirilen ASEAN-yň 47-nji sammitinde gurama agza bolan Gündogar Timor girýär.
