Maý aýynyň daşary syýasat senanamasynyň iň täsirli pursatlarynyň biri — türkmen wekiliýetiniň Londona boljak iş saparydyr. Beýik Britaniýanyň Patyşa maşgalasynyň çakylygy boýunça Türkmenistanyň wekilleri Windzor halkara atly oýunlaryna we atly ýaryşlaryna gatnaşarlar.
16–17-nji maý aralygynda meýilleşdirilen saparyň çäklerinde ahalteke bedewlerine bagyşlanan ýörite sergi guralar. Sergi ýewropaly tomaşaçylary «ganatly bedewleriň» ajaýyp çykyşlary we türkmen atçylyk sungatynyň çuňňur däp-dessurlary bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendir.
Bu sapar «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýylynda aýratyn ähmiýete eýedir. Windzordaky şeýle derejeli çärelere gatnaşmak diňe bir sport däl-de, eýsem ahalteke bedewiniň dünýä gymmatlygy hökmündäki derejesini tassyklaýan ýokary medeni diplomatiýadyr.
