24-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Argentina Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Enrike Ignasio Ferrer Wieýradan (oturýan ýeri Moskwa şäheri) ynanç hatyny kabul etdi.
Duşuşygyň başynda diplomat Argentina Respublikasynyň Prezidenti Hawýer Mileýiň Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy ilçini täze wezipä bellenilmegi bilen gutlap, döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak ugrunda alyp barjak işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Giňişleýin söhbetdeşligiň dowamynda taraplar türkmen-argentina gatnaşyklarynyň meseleleriniň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar. Esasy üns köptaraplaýyn formata: BMG-niň we beýleki halkara düzümleriň çäklerindäki özara hereketlere; kanunçylyk işine we göni parlamentara dialogynyň ösdürilmegine, hukuk binýadyny kämilleşdirmekde tejribe alyşmaga; sebitleýin ugra gönükdirildi. Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Latyn Amerikasynyň döwletleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigi nygtaldy.
Ilçi Türkmenistanyň Mejlisiniň düzümi we işi, şeýle hem Prezident Serdar Berdimuhamedowyň durnukly ösüşi we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen esasy halkara başlangyçlary barada giňişleýin maglumat berildi.
Duşuşygyň ahyrynda Enrike Ignasio Ferrer Wieýra özara hormat goýmak we ynam esasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin ähli tagallalaryny etjekdigine ynandyrdy.
