22-nji aprelde Astanada Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Türkmenistan üçin bu forum döwrümiziň iň uly ekologiýa betbagtçylygyny çözmekde özüniň işjeň ornuny tassyklamak üçin meýdança boldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow AHHG-niň sammitindäki çykyşynda Aral meselesini sebit liderleriniň « mertebe işi, syýasy we ahlak jogapkärçiligi» diýip häsiýetlendirdi. Türkmenistanyň garaýşy aýdyňdyr: Aral deňziniň basseýni üçin durmuşy möhüm ähmiýeti bolan wezipeler ählumumy üýtgeşmeleriň şertinde ikinji derejä geçmeli däldir. Gaýtam, sebit maliýe serişdelerinden başlap, diplomatiýa çenli ähli mümkinçiliklerini jemlemelidir.
Prezident Serdar Berdimuhamedow häzirki özara hyzmatdaşlygyň binýadynyň köp babatda Türkmenistanyň AHHG-de başlyklyk eden döwründe (2017–2019 ýý.) tutulandygyny belledi. Edil şol wagt Aşgabat guramalaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk baradaky taryhy kararnamalary öňe sürmek bilen, Aral meselesini BMG-niň Baş Assambleýasynyň derejesine çykardy.

Häzirki wagtda bu tagallalar täze görnüşlere eýe bolýar:
Aral deňziniň basseýni üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasy (UN SPAS): Ilkinji gezek Türkmenistan tarapyndan «Rio+20» sammitinde öňe sürülen bu pikir, BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň (UN ESCAP) Kararnamasyna çenli ýol geçdi we häzirki wagtda amaly gurala öwrülýär.
Howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezi: Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň howandarlygynda bu innowasion merkeziň ýakyn wagtda Aşgabatda işläp başlajagyny aýtdy. Munuň özi bolsa tutuş Merkezi Aziýa üçin ekologiýa gözegçiliginiň intellektual merkezine öwrüler.
Serdar Berdimuhamedow Araly aýrybaşgalykda halas edip bolmajagyny nygtady. Deňiziň meselesi buzluklaryň eremegi, çölleşme we serhetüsti derýalary dolandyrmak bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Türkmenistanyň Baştutany ekologiýa howpsuzlygyna tutuş sebitiň durmuş we ykdysady abadançylygynyň binýady hökmünde garamaga çagyrdy. «Hoşniýetli goňşuçylyk — rowaçlygyň kesgitleýji şertidir» — bu pikir Serdar Berdimuhamedowyň çykyşynyň esasy boldy.

Türkmenistan anyk teklip bilen çykyş etdi — Gaznanyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri çaltlandyrmak. Bu bolsa AHHG-niň has “has işjeň” bolmagy we halkara maliýe institutlary hem-de donorlar üçin özüne çekijiligini artdyrmak üçin zerurdyr.
Indiki ädim hökmünde Serdar Berdimuhamedow sebit ýurtlaryna BMG-niň Baş Assambleýasynyň täze Kararnamasyny bilelikde taýýarlamagy teklip etdi. Ol häzirki zaman hakykatlaryny şöhlelendirmeli we AHHG-niň möhüm halkara oýunçy hökmündäki derejesini berkitmeli.
Sammit birnäçe resminamalaryň gol çekilmegi bilen tamamlandy, olaryň arasynda Astana Beýannamasy we 26-njy marty Aral deňziniň, Amyderýanyň we Syrderýanyň halkara güni diýip yglan etmek hakyndaky Çözgüt aýratyn orun tutýar. Bu karar umumy suw serişdeleriniň iň ýokary gymmatlyk hökmünde ykrar edilýän täze ulgamyna geçilmegini alamatlandyrýar.
Sözüniň ahyrynda Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewi Araly halas etmegiň halkara gaznasynda başlyklyk etmäge girişmegi bilen gutlady.
