Türkmenistanda ilkinji gezek Hytaý diliniň HSK synag merkezini döretmek meýilleşdirilýär. Bu barada Hytaýyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumin 23-nji aprelde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçirilen Halkara hytaý dili gününe bagyşlanan çäredäki çykyşynda belläp geçdi.
Diplomatyň bellemegine görä, merkezi döretmek boýunça işler eýýäm alnyp barylýar we bu iş Hytaýyň Türkmenistandaky ilçihanasy hem-de hyzmatdaş guramalar tarapyndan goldanylýar.
“Häzirki wagtda ilçihana hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde Türkmenistanda ilkinji HSK synag merkezini döretmäge kömek edýär. Bu bolsa Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmek we Hytaýda iş tapmak işini ep-esli ýeňilleşdirer”, — diýip, ilçi nygtady.
Merkeziň açylmagy HSK halkara synagyny ýurduň özünde yzygiderli geçirmäge mümkinçilik berer, şeýle hem hytaý dilini öwrenýän talyplar we hünärmenler üçin täze giň mümkinçilikleri açar.
Şeýle merkeziň döredilmegi Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda bilim hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginde hem-de ýaşlaryň arasynda hytaý diliniň meşhurlygynyň artdyrylmagynda möhüm ädim hökmünde kabul edilýär.
