
Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligi Aşgabat — Daşoguz awtoulag ýoluny gurmak we täzeden dikeltmek boýunça halkara açyk tender yglan etdi.
Tender birnäçe lotlardan ybarat bolup, ýoluň ähli böleklerini — 0-dan 546 km çenli aralygy, şeýle hem täze köprüleriň gurluşygyny we bar bolan köprüleriň abatlanmagyny öz içine alýar.
Şertlere laýyklykda, mümkin bolan gatnaşyjylar kompaniýa barada doly maglumatlary öz içine alýan arzalary tabşyrmaly, tender resminamalary bilen tanyşmaly we her bir lot üçin (GBS-i we bank çykdajylary hasaba alynmazdan) 1500 ABŞ dollary möçberinde töleg etmeli. Ofşor zolaklarynda hasaba alnan ýa-da hasaplary bolan kompaniýalar gatnaşmaga goýberilmeýär.
Tender teklipleri bildirişiň resmi taýdan çap edilen gününden başlap, 30 iş gününiň dowamynda kabul edilýär, emma soňky günüň sagat 16:00-dan gijä galmaly däl. Möhletden giç tabşyrylan arzalar kabul edilmeýär.
Taslama ýurdumyzyň esasy ulag magistralyny döwrebaplaşdyrmaga we ýol infrastrukturasyny ösdürmäge gönükdirilendir.
Halkara tenderine gatnaşmak üçin arzalar Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligine şu salgy boýunça iberilmelidir: Aşgabat şäheri, Azady köçesi (2011), 95.
Tender teklipleri ýazmaça arza berlip, töleg geçirilenden soň şol bir salgy boýunça möhürlenen bukjalarda tabşyrylýar.
Habarlaşmak üçin telefonlar: 92-08-64, 92-06-06, 92-08-64 (tehniki meseleler boýunça).
Elektron poçta: wes.awtoyolagency@gmail.com