Türki-pars jemgyýeti bilen arap dünýäsiniň arasyndaky gatnaşyklaryň gözbaşy örän gadymy döwürlere uzaýar. Häzirki Merkezi Aziýanyň we Arabystan ýarym adasynyň çäklerinde ýaşan halklaryň özara gatnaşyklary entek biziň eýýamymyzdan öňki II asyrda, Beýik Ýüpek ýolunyň kerwen ugurlarynyň kemala gelip başlan döwründe başlanypdyr. Hazar deňzinden Pamira çenli bolan sebitler hytaý ýüpeginden we Samarkand kagyzyndan başlap, arap hoşboý ysly atyrlar hem-de gymmat bahaly şaý-seplerine çenli harytlaryň söwdasy we alyş-çalyş edilmegi üçin möhüm üstaşyr nokatlary bolup hyzmat edipdir.
VIII asyrda yslamyň ýaýramagy bilen, iki dünýäniň arasyndaky özara gatnaşyklar ruhy we intellektual häsiýete eýe boldy. Merw, Amul, Ürgenç, Buhara we Merkezi Aziýanyň beýleki şäherleri yslam dünýäsiniň ylmy merkezlerine öwrüldi. Beýik alymlar (Buhary, Horezmi, Ibn Sina, Mahmud Kaşgary, Zamahşary we başgalar) tutuş yslam siwilizasiýasy üçin düýpli esas bolan eserleri döretdiler.
Geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň başyndan bäri iki makrosebitiň arasyndaky gatnaşyklarda täze tapgyr başlandy. Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlar Merkezi Aziýa döwletleriniň garaşsyzlygyny ilkinjileriň hatarynda ykrar etdiler. Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň düzümine alty sany ýurt — Bahreýn, Katar, Kuweýt, Birleşen Arap Emirlikleri, Oman we Saud Arabystany girýär.
Bu gurama 1981-nji ýylda agza döwletleriň arasynda ykdysady, syýasy we beýleki hyzmatdaşlyga ýardam bermek, sebit durnuklylygyny ýokarlandyrmak hem-de umumy bähbitleri öňe sürmek maksady bilen döredildi. Arap ýurtlarynda Pars aýlagyna “Arap aýlagy” diýilýändigini bellemek ýerlikli bolar.

Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň we Merkezi Aziýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň kemala gelmegi birnäçe tapgyrdan ybarat boldy.
1991–2000-nji ýyllar aralygynda ilkinji “jebisleşme” döwri bolup geçdi – ikitaraplaýyn gatnaşyklar ýola goýuldy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň her birinde ilkinji diplomatik wekilhanalar açyldy.
2001–2010-njy ýyllarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň yzygiderli ösmegi we özara hyzmatdaşlygyň hukuk binýadynyň kemala gelmegi, dürli pudaklarda (ykdysadyýet, medeniýet, bilim) ylalaşyklaryň baglaşylmagy, şeýle hem Merkezi Aziýada arap maýasynyň gatnaşmagynda ilkinji iri maýa goýum taslamalarynyň amala aşyrylmagy gözlenilýär.
Emma şu asyryň ýigriminji ýyllaryndan başlap, özara gatnaşyklaryň hil taýdan täze tapgyryna syn edilýär.

...2022-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Rýad şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow “Aýlagyň arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi – Merkezi Aziýa” strategik dialogynyň birinji ministrler duşuşygyna gatnaşdy.
Bu meýdança ilki başda iki makrosebitiň ýurtlarynyň arasyndaky syýasy dialogy giňeltmek hem-de söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen döredildi.
Duşuşyga gatnaşyjylar halkara gün tertibiniň möhüm meselelerini, sebit howpsuzlygy bilen bagly soraglary we söwda, ykdysadyýet, maýa goýumlary, medeniýet hem-de ylym ulgamlarynda netijeli gatnaşyklary ýola goýmak boýunça mundan beýläki ädimleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Şonda çykyşynda Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy türkmen tarapynyň bu mejlisi Merkezi Aziýa döwletleri bilen Aýlagyň arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň arasynda doly gerimde hyzmatdaşlyk formatyny döretmek ýolundaky ilkinji möhüm ädim hökmünde görýändigini belledi.
Raşid Öwezgeldiýewiç taryhy taýdan esaslandyrylan hem-de häzirki zaman ýagdaýlary we zerurlyklary bilen şertlendirilen ýurtlaryň arasyndaky ähli gatnaşyklary ulgamlaşdyrmak, tertibe salmak we olara uzak möhletleýin hem-de durnukly häsiýet bermek işiniň başlanmagy barada gürrüňiň gidip biljekdigini aýratyn nygtady.
Forumyň çäklerinde taraplar energetika, ulag geçelgeleri we logistika, azyk garaşsyzlygyny üpjün etmek, şeýle hem medeni-ynsanperwer we ylmy çäreleri geçirmek meselelerinde amaly hyzmatdaşlygy ýola goýmagy teklip etdiler. Gurak howa zolagynda ýaşaýan halklar üçin örän möhüm mesele bolan suw howpsuzlygy baradaky çekişmeler aýratyn orun eýeledi.
Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar dürli ugurlarda amaly özara gatnaşyklary ýola goýmaga gönükdirilen 2023-2027-nji ýyllar üçin Bilelikdäki hereketleriň meýilnamasyny (hyzmatdaşlygyň “Ýol kartasyny”) kabul etdiler.
Golaýda, 20-nji aprelde, “Merkezi Aziýa + Aýlagyň arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň” formatynda analitik merkezleriniň ikinji forumy geçirildi. Aýlagdaky häzirki ýagdaýlary göz öňünde tutup, duşuşyk onlaýn görnüşinde geçirildi. Ol iki makro-sebitiň öňdebaryjy ylmy-barlag institutlarynyň, şol sanda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkeziniň, diplomatik wekilhanalaryň wekillerini we bilermenler jemgyýetçiligini birleşdirdi.

Forumyň gatnaşyjylary Merkezi Aziýa bilen sebitiň arap ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklarda hil taýdan täze ösüşiň bardygyny bellediler. 2023-nji ýylda esaslandyrylan “Merkezi Aziýa + Aýlagyň arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň” formaty ylalaşykly çemeleşmeleri işläp düzýän strategik meýdança öwrülýär.
Bu gysga döwrüň içinde Merkezi Aziýanyň arap ýurtlarynyň sebiti bilen ýakynlaşmagy boýunça uly netijeleriň gazanylandygy bellenildi. Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlarynyň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetine goýan umumy maýa goýumlarynyň möçberi 20 milliard dollardan geçdi, özara söwda dolanyşygy bolsa takmynan 5 milliard dollara ýetdi.
Türkmenistanyň eýeleýän orny barada aýdylanda bolsa, bu wakadan birnäçe ýyl ozal, 2022-nji ýylyň 1-nji awgustynda “Awazada” wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredowyň, şeýle hem Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyna, söwda we hyzmatlar ulgamyna, ulag-kommunikasiýa toplumyna gözegçilik edýän ýolbaşçylaryň Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Baş sekretary bilen duşuşandygyny ýatlatmalydyrys.
Goýlan maksada ýetildi – duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Aýlagdaky arap ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy we onuň çäklerinde Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy bilen Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Baş sekretariatynyň arasynda geňeşmeler mehanizmi hakynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Bir ýyl soňra, Jiddada geçirilen “Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi — Merkezi Aziýa” sammitinde Prezident Serdar Berdimuhamedow iki sebitiň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça birnäçe teklipleri öňe sürdi, bu barada ORIENT hem ýazypdy. Şol teklipleriň arasynda hemişelik işleýän mehanizmi — Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň daşary işler ministrleriniň maslahatyny döretmek hem bardy.
Edil şeýle ministrler duşuşygy bir ýyldan soň (2024-nji ýylyň 14-nji aprelinde) Daşkentde geçirildi we oňa wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy.
Duşuşyga gatnaşyjylar meseleleriň has giň gerimini — söwda-ykdysady, maýa goýum, ulag-kommunikasiýa, medeni-ynsanperwer, daşky gurşawy goramak we syýahatçylyk ulgamlarynda özara bähbitli hem-de hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek, şeýle hem 2023-2027-nji ýyllar üçin strategik kommunikasiýa we hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hereketleriň meýilnamasyny durmuşa geçirmegi ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmen tarapy öz çykyşynda strategik dialoga gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda ulag-kommunikasiýa, energetika, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça başlangyçlary öňe sürdi, bu barada ORIENT hem ýazypdy.
Şol ýylda türkmen wekiliýeti Er-Riýadda geçirilen “Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi — Merkezi Aziýa” formatyna agza ýurtlarynyň maýa goýum forumyna gatnaşdy. Forum gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, nebit-himiýa, oba hojalygy, senagat, saglygy goraýyş, syýahatçylyk, logistika, infrastruktura, akylly şäherler, tehnologiýalar we sanlarylaşdyrmak boýunça giňişleýin tanyşdyryşlary, dilaog sessiýalaryny we seminarlary öz içine aldy. Duşuşygyň dowamynda türkmen ykdysadyýetiniň we nebit-gaz pudagynyň depgini baradaky maglumatlar beýan edildi.
Şol sanda uglewodorod serişdeleri (olar 71 milliard tonnadan gowrak nebit ekwiwalenti möçberinde bahalandyryldy), daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek (şol wagt — 11 milliard dollardan gowrak), gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri (on bir sany elektrik stansiýasynyň umumy kuwwaty 6523,2 MBt boldy), telekeçilik pudagynyň orny (onuň ýurduň ykdysadyýetindäki paýy jemi içerki önümiň 71,3%-ne deň boldy), oba hojalygyny ösdürmek we azyk howpsuzlygy üpjün etmek hem-de şuna meňzeş meseleler barada durlup geçildi.
2024-nji ýylyň sentýabr aýynda Brýussel şäherinde “Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlarynyň we Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň ilçileriniň birinji duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda sebitara hyzmatdaşlygyň meseleleri, ykdysady we syýasy gatnaşyklary berkitmek ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň ilçisi Aýlagdaky ýurtlarynyň maýa goýujy we hyzmatdaş hökmünde möhümdigini, olaryň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk alan günlerinden bäri ýurduň ösüşinde esasy orun tutýandyklaryny belledi.
Nebit-gaz pudagy we ulag geçelgeleriniň ösdürilmegi aýratyn nygtaldy. Türkmen tarapy söwda forumlaryny, işewürlik duşuşyklaryny we sergileri yzygiderli geçirmek, şeýle hem medeni-ynsanperwer gatnaşyklary we akademiki hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak boýunça ozal öňe süren tekliplerini tassyklady.
2025-nji ýylyň fewralynda Abu-Dabi şäherinde Azerbaýjanyň hem gatnaşmagynda Aýlagdaky arap ýurtlarynyň we Merkezi Aziýanyň işewürlik forumy boldy. Onda energetikany, oba hojalygyny, tehnologiýalary, innowasiýalary we maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmek baradaky meseleler ýene-de bir gezek, emma bu sapar has anyk derejede maslahatlaşyldy. Foruma gatnaşyjylar sebitde durnukly ykdysady ösüşe ýetmek üçin täze işewürlik hyzmatdaşlyklaryny döretmegiň we tejribe alşmagyň ähmiýetini bellediler.
Forumyň dowamynda bilermenleriň toplan tejribelerini hem-de dialogyň geljekki ösüşi baradaky pikirlerini paýlaşylan panel çekişmeleri guraldy. Duşuşygyň amaly netijesi hökmünde birnäçe resminamalara gol çekildi.
2025-nji ýylyň 16-17-nji aprelinde El-Kuweýt şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Aýlagyň arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Strategik dialogynyň üçünji ministrler duşuşygy geçirildi. Bu gezek türkmen wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow ýolbaşçylyk etdi. Ol Merkezi Aziýa we Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlarynyň ýangyç-energetika toplumy, gaýtadan işleýän senagat, gurluşyk, gämi gatnawy, dokma önümçiligi we ynsanperwer ulgamlaryndaky bilelikdäki işleriniň uly geljeginiň bardygyny belledi.
Şeýle hem Eýranyň, Omanyň, Kataryň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň hökümetleriniň arasynda halkara ulag-üstaşyr geçelgesini döretmek baradaky Ylalaşygyň (Aşgabat ylalaşygy) durmuşa geçirilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
…Ýakynda geçirilen “Merkezi Aziýa + Aýlagyň arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi” formatyndaky analitik merkezleriniň forumyna dolanyp gelsek, Pars aýlagyndaky wakalar bilen bagly ählumumy durnuksyzlygyň energetika bazarlaryna we sebitleriň ykdysady ösüşine uly basyş edendigini bellemelidiris.

Şu sebäpli, daşky faktorlar Merkezi Aziýa ýurtlary üçin täze bolmasa-da, iň azyndan goşmaça ulag-logistika uýgunlaşma mehanizmlerini işläp düzmek zerurlygyny ýüze çykardy. Sebäbi iki sebitiň özara baglanyşygynda dörän kynçylyklar olaryň ykdysady durnuklylygyna oňaýsyz täsirini ýetirýärdi.
Şeýle şertlerde sebitleriň täze wehimlere garşy gowşak tarapyny azaltmaga ulag geçelgeleriniň diwersifikasiýalaşdyrylan ulgamynyň kemala getirilmeginiň ýardam etjekdigi bellenildi. Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategik we sebitara barlaglar institutynyň direktory Eldor Aripow bu ýagdaýda «gürrüňiň daşky durnuksyzlyk şertlerinde netijeli işlemäge ukyply bolan ykdysady we ulag gatnaşyklarynyň has çeýe we dürli ugurly ulgamyny kemala getirmek barada barýandygyny» düşündirdi.
Şeýle pursatlarda iň amatly saýlaw — strategik özbaşdaklygyň gatnaşyklary çäklendirmek däl-de, hyzmatdaşlygy giňeltmek arkaly gazanylmagydyr. Şundan gelip çykýan netije bolsa şudur: geljekde mümkinçilikleri artdyrmak üçin uzak möhletleýin utgaşdyryş mehanizmlerini döretmek talap edilýär.
Şu sebäpli, sebitara gatnaşyklary ösdürmek üçin ulgamlaýyn esas döretmäge ukyply bolan Dostluk, özara baglanyşyk we hyzmatdaşlyk hakyndaky köptaraplaýyn ylalaşygy işläp düzmek barada Prezident Şawkat Mirziýoýewiň başlangyçlary beýan edildi.
Analitik merkezleriniň özara gatnaşyklary babatda bolsa, ählumumy durnuksyzlyk şertlerinde iki sebitiň arasyndaky özara ynamy berkitmäge gönükdirilen bilelikdäki ylmy-barlaglary taýýarlamak we bilermenleriň bahalandyrmalaryny alyşmak teklip edildi.
Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategik we sebitara barlaglar institutynyň direktory Eldor Aripowyň belleýşi ýaly, Merkezi Aziýa + Aýlagyň arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň analitik merkezleriniň ikinji forumy “ählumumy özgerişleriň şertinde diňe bir daşky üýtgeşmelere uýgunlaşmaga däl, eýsem ösüşiň uzak möhletleýin gün tertibini bilelikde kemala getirmäge gönükdirilen durnukly özara gatnaşyk meýdançasyny döredilýändigini” görkezdi.
Şunlukda, Merkezi Aziýa we Aýlagdaky arap ýurtlarynyň arasyndaky özara gatnaşyklar taryhy baglanyşyklaryň, döwrebap syýasy çözgütleriň, ykdysady bähbitleriň we hyzmatdaşlygy institusionallaşdyrmak synanyşyklarynyň utgaşmasy bilen häsiýetlendirilýär.
Merkezi Aziýa + Aýlagyň arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň häzirki tapgyrdaky özara gatnaşyklary, obýektiw kynçylyklara garamazdan, hakyky strategik mümkinçilikleri açýar. Munuň esasynda bolsa syýasy, ykdysady we durmuş ösüşindäki meňzeş maksatlar, şeýle hem halkara we sebit meseleleri boýunça umumy çemeleşmeler durýar.
Bekdurdy AMANSARYÝEW,
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkeziniň uly ylmy işgäri
