23-nji aprelde Astanada, Sebitleýin ekologiýa sammitiniň çäginde, Merkezi Aziýada howanyň hili boýunça ýokary derejeli ikinji dialog geçiriler. Duşuşygyň esasy netijesi hökmünde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda howanyň hili boýunça hökümetara birleşmesiniň döredilýändigi yglan ediler. Bu täze platforma sebitiň döwletleriniň tagallalaryny utgaşdyrmaga hyzmat eder.
Atmosferanyň hapalanmagy Merkezi Aziýada ilatyň saglygy we ekologiýa üçin möhüm mesele bolmagynda galýar. Hapalanma çeşmeleri — senagat, ulag we tozanly tupanlar — köplenç serhetlerden geçýän häsiýete eýe bolansoň, bu meseläniň çözgüdi döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygy talap edýär. Özbegistan tarapyndan öňe sürlen birleşme döretmek başlangyjy tejribe alyşmak we bilelikdäki çözgütleri durmuşa geçirmek üçin umumy meýdança bolup hyzmat eder.
Bu çäre BMG-niň daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (UNEP) we Bütindünýä bankynyň goldawy bilen guralýar. Oňa sebitiň ýurtlarynyň ekologiýa ministrleri, şeýle hem Azerbaýjandan we Ýaponiýadan wekiller gatnaşar. Hormatly myhmanlaryň arasynda UNEP-niň ýerine ýetiriji direktory Inger Andersen we Bütindünýä bankynyň ýolbaşçylarynyň çykyş etmegine garaşylýar. Gatnaşyjylar häzirki zaman monitoring ulgamlaryny ornaşdyrmak we çykarylyşy azaltmak boýunça strategiýalary halkara standartlaryna we täze seljeriş hasabatlaryna esaslanyp ara alyp maslahatlaşarlar.
Sebitiň ýaşaýjylary üçin bu duşuşyk ekologiýa howpsuzlygy ugrunda göreşiň has işjeň tapgyryna geçilýändigini aňladýar. Birleşmäniň döredilmegi ýurtlara «arassa» tehnologiýalara maýa goýumlaryny çekmäge we umumy çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga mümkinçilik berer. Bu bolsa Merkezi Aziýanyň şäherlerinde howanyň has arassa we ýaşaýyş üçin howpsuz bolmagyna ýardam eder.
ORIENT
