Gazagystanyň paýtagty Astanada 22–24-nji aprel aralygynda geçiriljek Sebitleýin ekologiýa sammitiniň (RES-2026) çäginde Türki döwletleriň Guramasyna (TDG) agza ýurtlaryň ekologiýa ministrleriniň ikinji duşuşygy geçiriler. Gatnaşyjylar sebitiň tebigy serişdelerini goramak we durnukly ösüş üçin bitewi çemeleşmeleri döretmek meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar.
Bu ministrler duşuşygynyň Sammitiň çäginde geçirilmegi Gazagystanyň başlangyjydyr. Bu, ekologiýa meselesiniň häzirki wagtda ähli türki dünýäsi üçin ileri tutulýan ugurdygyny görkezýär. Duşuşyk Gazagystanyň ekologiýa ministri Ýerlan Nysanbaýewiň ýolbaşçylygynda ýapyk görnüşde geçiriler. Oňa Özbegistan, Gyrgyzystan, Azerbaýjan we Türkiýe ýurtlarynyň degişli edaralarynyň ýolbaşçylary we prezidentleriň geňeşçileri, şeýle hem TDG-niň Baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýew gatnaşarlar.
Duşuşygyň esasy üns merkezinde howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we umumy ekologiýa kynçylyklaryna netijeli çözgütleri tapmak bolar. Ministrler suw we ýer serişdelerini netijeli peýdalanmak boýunça tejribe alyşarlar, şeýle hem geljekki bilelikdäki taslamalaryň ileri tutulýan ugurlaryny ylalaşarlar.
Ýapyk gepleşikleriň netijesinde sebit hyzmatdaşlygynyň güýçlendirilmegine garaşylýar. TDG ýurtlarynyň utgaşdyrylan hereketleri serhetüsti ekologiýa meseleleri has netijeli çözmäge mümkinçilik berer we sebitiň ekologiýa howpsuzlygyny hem-de abadançylygy üçin berk esas döreder.
ORIENT
