2026-njy ýylyň 22–24-nji aprelinde Astana şäherinde geçiriljek Sebit Ekologiýa Sammitiniň (SES-2026) çäginde Merkezi Aziýa ýurtlary ykdysadyýetiň ýapyk aýlawly modeline geçişi ara alyp maslahatlaşarlar. Duşuşygyň esasy maksady — sebit derejesinde galyndylara garşy göreşmek we serişdeleri has netijeli peýdalanmak boýunça tagallalary birleşdirmekdir.
«Aýlawly ykdysadyýeti giňeltmek» atly tematiki sessiýa 22-nji aprelde ekologiya ministrlerini, UNEP ýolbaşçylaryny, Bütindünýä Bankynyň bilermenlerini we Ýewropa Bileleşiginiň ilçilerini bir ýere jemlär. Gatnaşyjylar sebitdäki bäş ýurduň kanunlaryny we ekologiýa standartlaryny utgaşdyrmaga kömek etjek sebit birleşigini döretmek boýunça ilkinji ädimi ätmegi meýilleşdirýärler.
Adaty «harçla we taşla» modeli häzirki wagtda işlemeýär: galyndylaryň köpelmegi adamlaryň saglygyna we suw serişdelerine zyýan ýetirýär. Galyndylaryň çeşmä öwrülýän aýlawly ykdysadyýete geçmek bolsa:
• gaýtadan işlemek ulgamynda täze iş orunlaryny döreder;
• ekoulgamlara we howa düşýän agramy azaldar;
• gurluşyk, senagat we syýahatçylykda täze bazarlary açar.
Esasy başlangyçlar
Ara alnyp maslahatlaşyljak esasy ugurlaryň biri — oba hojalygynda we galyndylary gaýtadan işlemekde öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyrmakdyr. Şeýle hem sebit ýurtlaryna innowasiýalary tiz ornaşdyrmaga we halkara ekologiýa borçnamalaryny ýerine ýetirmäge kömek etjek Çarçuwaly hyzmatdaşlyk maksatnamasy hödürlener.
Bu taslama Merkezi Aziýa ýaşaýjylary üçin daşky gurşawyň hiliniň gowulaşmagyny we azyk howpsuzlygynyň güýçlenmegini aňladýar. Sebit derejesinde utgaşdyrylan çäreler galyndy dolandyryşynyň döwrebap infrastrukturasyna maýa goýum çekmäge we ykdysadyýeti has durnukly etmäge mümkinçilik berer.
ORIENT
Tema boýunça:
Astanada Merkezi Aziýada täzelenýän energetika üçin hünärmen taýýarlygy ara alnyp maslahatlaşylar
