China National Petroleum Corporation kompaniýasynyň «International Ltd.» Türkmenistandaky şahamçasy «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çäginde PD(A) we PD(B) üçin ýag we antifriz satyn almak boýunça № CIT-26010-MR belgili tender yglan edýär.
Arzalary tabşyrmagyň möhleti: 2026-njy ýylyň 20-nji maýyndan 26-njy maýyna çenli.
Tendere gatnaşmagyň şertleri
Gyzyklanma bildirýän kompaniýalar tendere gatnaşmak üçin aşakdaky resminamalary tabşyrmalydyr:
1. Resmi arza. Onda:
• Tenderiň belgisi we ady;
• Gatnaşyjynyň doly ady;
• Hukuk ýagdaýy;
• Hasaba alnan döwleti;
• Kompaniýanyň bank rekwizitleri görkezilmeli.
2. Tender resminamalaryny (ITB) almak üçin töleg geçirmek boýunça hasap-faktura arza tabşyrylandan soň gatnaşyja gowşurylýar.
3. Tender resminamalar toplumyny (ITB) almak üçin aşakdaky resminamalar hödürlenmelidir:
• Kompaniýanyň wekiliniň pasportynyň nusgasy;
• Tender resminamalaryny almaga ygtyýar berýän baş ynanç hatynyň nusgasy;
• Pul geçirilişini tassyklaýan resminamanyň nusgasy.
Bellenilen möhletden gijä galyp gowşan arzalar kabul edilmez.
Habarlaşmak üçin maglumatlar
Goşmaça maglumatlary aşakdaky salgy arkaly alyp bolýar:
Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3, China National Petroleum Corporation kompaniýasynyň «International Ltd.» Türkmenistandaky şahamçasynyň ofisi, Aşgabat, Türkmenistan.
Habarlaşmaly adam: Narine Simonýan
Telefon: (+993 12) 44-54-34
