
Doha, 2026-njy ýylyň 20-nji maýy — Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M. Seýitmämedow Al Raýýan Halkara uniwersitet kollejiniň ýerine ýetiriji dekany doktor Iwan Ninow bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň başynda diplomatik wekilhananyň ýolbaşçysy söhbetdeşini ýurdumyzda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi, döwlet Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli geçirilýän giň gerimli ýokary derejeli çäreler, şeýle hem öňde boljak halkara ylmy maslahatlaryň tertibi bilen tanyşdyrdy.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri bilen Al Raýýan Halkara uniwersitet kollejiniň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak we ony yzygiderli ösdürmek mümkinçiliklerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Bu hyzmatdaşlyk tejribe alyşmaga we akademik gazanylanlary işjeň paýlaşmaga gönükdiriler.